Arçynyñ sözi
Arçynyñ sözi
Il-halk bilen işleýänsiň,
Bal dek bolgun –diýýäň, çykan.
Bu sözüňe asla ýalan,
Diýmez hiç kimem, hiç haçan!
Süýji söze düşünýänler,
Aýdanyň inkär etmezmiş.
Ýöne söz täsir etmese,
Taýak dagam eýgertmezmiş.
Onsoň bal bolup ýöräýseň,
Döküp-saçyp iýjegem bar.
Boşadyp öz tabagyňy,
Başyňa geýdirjegem bar.
Garaz, köpçülik diýlen bi,
Agy-da kän, garasam bar.
Synasy sag, köpleriniň,
Käsiniň tyg ýarasam bar.
Herhal, bil-ä guşalandyr,
Köpçülige ýaramaly.
Öňüne düşen iliňi,
Otdan, suwdan goramaly.
2021 ý. Goşgular