|

Orazgeldi Ylýasowyň aýdan “Ak ýüzli maralymy” diňlän gojanyñ aýdany

Orazgeldi Ylýasowyň aýdan “Ak ýüzli maralymy” diňlän gojanyñ aýdany ORAZGELDI YLÝASOWYÑ AÝDAN «AK ÝÜZLI MARALYMY» DIÑLÄN GOJANYÑ AÝDANY

Orazgeldi Ylýasowyň aýdan “Ak ýüzli maralymy” diňlän  gojanyñ aýdany

Elhepus, gördüňmi, ediberşini,
Aýdymy gysyp hem gowrup barşyny.

Sigan ady bilen sylanan oglan,
Sen Ylahy bagşy bolup dogulan!

Aýdym bolup munuň düşme eline,
Ýumrup barýar, meňzäp dagyň siline.

Sünnäläp, keşdeläp hem joşup aýdýar,
Iň aşak perde hem bäriden gaýdýar.

Nädip bu geň owaz sygdy gursaga,
Eýgerdenok asla, dutar, gyjaga.

Geňsi bir öwüşgin aýdyma çaýýar,
Nagyş çekip, ondan çemen ýasaýar.

Asyl, özüm aýdýana döndüm öýdýän,
Bir galyp, çygjaryp, bir aşak gaýdýan.

Heý, bolarmy diňleýäniň ga:ndymy,
Beýle güýçli, diýseň süýji aýdymy.

Jedel ýok, eý, gardaş, “maral-a” seňki,
Yhlas baryn siňdiripsiň sen, çünki.

2015 ý.

“Ahal durmuşy” gazeti, 10.08.2022 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle