Azerbeýjandaky tekeleriñ taryhy
Azerbeýjandaky tekeleriñ taryhy
Tekeli gozgalañy
Azerbeýjanyñ meşhur Ensiklopediýalaryndan we Enwer Çingizoglynyñ eserlerinden Tekeler hakda şu aşakdaky gyzykly maglumatlary siziñ dykgatyñyza ýetirmegi makul bildik.
Azerbeýjanlylar Tekeleri (Täkäläri — Təkə) gyzylbaşlardan gelip çykan hasap edýärler. Teke-türkmen taýpasynyñ bir goly bolan tekeliler Azerbeýjanda we Kiçi Aziýada göçüp-gonujylyk edip ýaşapdyrlar.
Tekelileriñ şa Tahmasp I a garşy çykyş eden gozgalañyna Tekeli gozgalañy diýlip at berilýär. Taryhy edebiýatda bu hakda ''Afäti-Täkälu'' diýen at galypdyr.
1531-nji ýylda Çuha soltan Tekelide Hüseýn han Begdilli-Şamly bilen öldürilýär. Tekeliler wekilligi Çuha soltanyñ uly ogly Şa Kubat bege berilmesini teklip etdiler. Ustajlylar bolsa bulara garşy çykdylar. Zülkadyr we Awşar emirleri Ustajlylaryñ tarapyndady. Tekeliler şeýdip Ustajlylardan birnäçe adam öldürdiler. Şa Tahmasp I tekeli taýpasynyñ ýok edilmegine buýruk berýär. Tekeliler bu permany eşidip gaçdylar. Az-owlak tekeli emirleri Osmanly döwletine aşdylar. Şa emirumeralygy Abdylla han, Temişli Ustajlynyñ we Hüseýin han Begdilli Şamlynyñ arasynda bölüşdirip berdi.
Şol wagtlar meşhur Tekeli emirlerinden Alysoltan han, Ybraýym halypa, Perwana beg, Dur Aý beg we olaryñ maşgalalary öldürilýär[1].
Indi makalamyzyñ dowamyny tekeleriñ emiri Çuha soltan Tekeli hakda ýetirsek ýerlikli bolsa gerek.
Hakyky ady Bagşy beg bolan Tekeli Şa Ysmaýyl I (1501-1524) emirlerinden biri bolupdyr. Şa oña ''Çuha soltan'' diýen lakam beripdir. Ol şol ady bilenem meşhur boldy. Çuha soltan 1525-nji ýylda Yspyhanyñ häkimi edilip bellenildi. Gyzylbaşlar arasyna emir bellenipdir. Uatajly ili bilen Tekeli ili arasynda birgiden ganly çaknyşyklar bolupdy. Tekeli iline Emir Çuha soltan baştutanlyk edipdir. Tekeliler we Ustajlylar Seksenjek atly ýerde garşylaşdylar. Ilki Ustajlylar rüstem gelip meşhur tekeli emirlerden Garaja soltany we Burun soltany öldürdiler. Soñ şadan we şanyñ gwardiýasyndan çekilen rumlylar we tekeliler üstünlik gazandylar. Ustajlylar basylyp gaçdylar. Gaçanlar Räştä baryp Muzapbar soltana sygyndylar. Ustaçly iliniñ beýleki toparlary Abdylla han Temişliniñ we Ahmet soltan Sopyoglunyñ baştutanlygy astynsa rumly we tekeli taýpalaryna garşy söweşe başladylar.
Olaram ýeñildiler. 1527-nji ýylda Mustapa beg (Köpek soltan) Ustajly Gilandan goşun çekip Erdebile geldi.
Erdebiliñ häkimi Badanjan soltan Rumlyny heläkläp öldürdi. Ol ýerden Çuhursäd welaýatyna, rumly illeriniñ ýaşaýan ýerlerine tarap ugrady.
Wekil Aly beg (Diw soltan) bu habary eşidip Çuha Soltan Tekeli we Muhammet han Zülkadaryñ ýakyn kömegi bilen sekiz müñ gorçy bilen Azerbeýjana ýola düşdi. Goşunlar Nahçiwanda, Araz çaýynyñ ýakasynda gabat geldiler. Ustajly goşuny kül-peýkun edilýär. Goşunyñ serkerdesi Mustapa beg öldürilýär. Soñ rumly we tekeli taýpalarynyñ arasynda oñuşuksyzlyk başlandy. Çuha soltan Teke Wekil Aly begi jezalandyrýar.
1531-nji ýylda Çuha soltan Hüseýin han Şamly tarapyndan öldürilýär.
Çuha soltan Hanhanym hatyna öýlenipdir. Ogullarynyñ atlary şulardyr: Şahkubat beg, Aly beg[2].
Sefewiler döwletiniñ syýasy arenasynda möhüm rol oýnan tekeler merkezi häkimýete garşy çykypdyrlar we 1596-njy ýylda Şa Abbas I tarapyndan gozgalañ basylyp ýatyrylýar. Galanlary bolsa Azerbeýjanyñ içlerine dargapdyrlar.
Azerbeýjanyñ Bärdä raýonunda Türkmen, Hyzy raýonunda Täkäli şäheri, Gruziýanyñ (Gürjüstan) Borçaly diýen ýerinde Marneuli raýonunda Täkäli şäheri we Ermenistanyñ Däräçiçäk diýlen ýerinde Täkäli şäherleri hem şolardan galypdyr[3].
Çeşme:
1-2. Ənvər Çingizoğlu, Təkəli eli, Bakı, "Şuşa", 2011.
2. Ənvər Çingizoğlu, Çuxa sultan Təkəli, "Soy" dərgisi, 11 (31). Bakı, 2009.
3. ASE(XI cild),Bakı-1987.səh.244
Taryhy makalalar