Saz
Saz
Ýagşy synlap,
Bagşy gynap gyjagyny
Boşap galan gujagyny
Takdyryna tagma edip,
Köp soragly nagma edip,
Sazyn çalýar…
Baryn çalýar…
Ýagşy synlap,
Özün gynap
Ukyp açyp — skripkaçy
Ýatlaýan dek geregini
Otlaýan dek ýüregini
Aýby üçin ýeke-ýeke
Kalby edip tike-tike
Sazyn çalýar…
Baryn çalýar…
Ýagşy synlap,
Ykbal gynan,
Bir winoçy — pýaninoçy
Arman basýar
Durman basýar
Gussalaryň düwmesini
Ýatlamalaň hemmesini
Bir galdyryp,
Bir öldürip
Sazyn çalýar…
Baryn çalýar…
Ylham GURBANALYÝEW. Goşgular