Gurbanmyrat işan «hezretlerine»…
Gurbanmyrat işan "hezretlerine"…

Müň sekiz ýüz segsen biriň
On ikinji ýanwary,
Sagat on birden ýigrimi
minut işlände birden,
Dünýä düňderildi,
Syndy Gökdepe.
Sarsmaz Gökdepe,
Lagly-göwher, jöwher, almaz… Gökdepe.
“Ýa gan, ýa jan!” diýen il aksakaly
Selkildedip sakalyny,
Gaçýar taşlap Ahalyny.
Gaçýar taşlap metjidini,
Gönübegi, Mätäjini.
Al gana boýalanlar —
Alma ýaňak naçarlary…
Taryh muny bagyşlamaz,
Namart bolup gaçanlary.
“Ýa ölmeli, ýa galmaly!”,
Hany kasam, hany wada?
“Ýa Alla!” diýip yza gaçmak,
Namartlara bolmuş kada.
Garap geçmiş pursatyna,
Agy doldy gursagyma…
Ahy-nala gurşap aldy galany,
Ne aýylganç munda zenan talaňy.
Ýere bagryn beren hanlar,
Mergen, batyr… jana-janlar,
Orazmämmet kazy ýatyr,
Molla-müftiň azy ýatyr.
Ar-namysy orta goýan Aksakal
Sypsa razy.
“Ýa alla!”
Dilde “Alhamdulylla!”
Galasyny taşlap gaçdy Aksakal,
Ýeňiş seňki indi, eý, ak ýanaral!
Yzda weýran bolmuş teke galasy,
Hem ýetim çagalaň ahy-nalasy…
Gaçyp barýar işan yza garaman,
Eý, aman, aman, aman… Goşgular