San bolsam
San bolsam
(Magymguly Pyragynyň äheňinde)
Ýaşap ýörün, emma arzuwlarym kän,
Watana mynasyp goşandym goşsam.
Mätäje seredip, göwnüni tapyp,
Hassa söýeg bolup, ýürekden joşsam.
Şahyrlaň şahyry Magtymguly dek,
Jahany aýlanýan goşguly bolsam.
Bag içinde ajap bilbil saýylan,
Andalyp dek dessanly, joşgunly bolsam.
Watanyny jany deýin goraýan,
Seýdi dek gahryman-serkerde bolsam
Kemine, Mätäji, Zelili deýin,
Halkyna-il güne mähriban bolsam.
Azady, Magrupy, Şabende deýin,
Şygyrlarym bilen halkymy çoýsam.
Talyby, Zynhary, Mollanepes deý,
Söýgi setirlerden çemenler bogsam.
Kerbaba, Mollamurt, Ata Salyh deý
Onlap eserleriň ýazary bolsam,
Halyl Kuly, Gurbannazar, Kerim deý
Halkyň söýgüsiniň nazary bolsam.
Çary Aşyr, Aman, Şaly Kekill… deý,
Şygyrlardan romanlary döretsem.
Döretsem dünýäni goşgulam bilen
Suwsan göwünlerde ajap ýer etsem.
Galmazdy göwünde megerem arman,
Etsem-pessemlerden saplanyp bilsem.
Size hormat goýýan, halypalarym,
Siziň deňiňizde men hem san bolsam. Goşgular