|

Ömrüň ölçegi

Ömrüň ölçegi ÖMRÜÑ ÖLÇEGI

Ömrüň ölçegi

Ömür gysga diýrler, köpler diňleseň,
Gysgamyka, uzakmyka, derňeseň?!

“Myş-miş”-ler arkalan diýr, gysga döwran,
Tiz geçýänne segsen ýaşly-da haýran.

Ýogsa garrylygyň köp gün, aýy bar,
Geçenini sanap soňlap bolmaýar.

Dana bir gojadan soradym muny,
Adam ömri dogrudan-da gysgamy?

Diýdi: -gaýgy-dertliň ömri kyn geçer,
Hoşwagta ýyldyrym, ýalpyldap, öçer.

2021 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle