|

Gurbannazar Ezizowa

Gurbannazar Ezizowa GURBANNAZAR EZIZOWA

Sen güýzüñ aşygy,
Güýzüñ aýdymy,
Sen şygyr ýazardyñ gamgyn güýz hakda.
Hasratly heñ edip barýan durnalar
Señ setiriň bolup görnerdi hatda.

Halkyň şahyr bolup çüwäýen bagty,
Şahyr bolup çüwen bagty ilimiň
(Şöhratly söz üçin bagyşla,
ýöne
Sen nä şondan pesi diýer ýalymyň).

Il-günüň ruhuna — aýdyma sygnyp,
Hem sygryp şatlygyň-ahyň şygra sen,
Bu gün ajy habar bolup gelşiňe,
Sen aga-da,
Sen ýasa-da sygmadyň.

Asgyryp tur-da sen (bor-how, oýun-da!),
Çörek deý şygryň ýaz güýzüň hakynda
Hem okap ber edehediň boýunça,
Käbir ýerde edep bilen sakyn-da.

…Güýz deý hasyllydyň,
bereketlidiň,
Miweli bag kimin egikdi seriň.
Başyn ýere urup aglaýar saňa
Ýürekden düşünen daragtlaň seniň.

Üzlem-saplam tozan güýzüň ahy deý
Gumak ýolda tüsse kimin suwlunýar.
Derekler atylýar jynssyz agy deý.
Sary sähra aglap bilmän ýuwdunýar.

Ýanýar, daragtlaryň ýapragy ýanýar.
Wah, gyrmyzy güýzüň derdi öňdenem…
Bu ot alan güýzi gözýaşlar bilen
Öçürersiň neneň,
Öçürjek neneň?!

Nobatguly REJEBOW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle