|

Eneli gyz

Eneli gyz ENELI GYZ

Ýaşap nusga bolan durmuş mekdebim,
Ölçesem ömrümiň ir-u-gijini.
Şu güne çen gursagyma guýlanym,
Her pursatda gaýtaladym ejemi.

Öwüt-pent diňlemek ne ajap sapak,
Bu gün men görýärin olaň güýjüni.
Edep-terbiýäme buýsanýan kyblam
Diýýär:”Gyzym gaýtalaýan ejeňi”.

Hiç zat ýönelige tötänlik däldir,
Ömrüm deň eçildi ajy-süýjüni.
Täsirden ylhamdan dörän setirlem-
Galam dowam edýär käbäm ejemi.

Ýyly ýürek, süýji sözi mirasym,
Yhlas, söýgi bilmezdim men hijini.
Öwrendim ýüregiň berip söýmegi,
Söýülemde, söýenimde ejemi.

Dünýä bagş edip beýik perzendi,
Ejeleriň ady girýär taryha.
Eje senem boş geçmediň dünýäden,
Men adyňy goşdum şygyra, ynha.

Annabeg AÝMAKOWA,
Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä dilleri institutynyň talyby. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle