|

Deňsiz paýlaşyk

Deňsiz paýlaşyk DEÑSIZ PAÝLAŞYK

Pajygaly ýagdaýda wagtyndan ir aýrylan inilerime we aýal doganyma

Ynsana durmuşy eçilen pelek,
Paýlaşyk göwnüňe heý, boldymy jaý?!
Hakym ýok diýmäge, edeniň telek,
Ýöne kyn düşünmä, bu neneňsi paý?!

Kim-ä ýetde-gütde dolar gününi,
Kimler depseň yranmajak tütjar, baý.
Gamly bar, gamsyz bar, tapman deňini,
Pelek bu nä sowgat, bu neneňsi paý?!

Biri güýçli boldy, biri hem asgyn,
Güýçliň güýçlisem bar, tapmagam kyn taý.
Kimler-ä hojaýyn, kimlerem bosgun.
Pelek bu nä sowgat, bu neneňsi paý?!

Kimler-ä han boldy, kim garamaýak,
Kime asudalyk, kim başyna gaý.
Kimler kowar, kim-de tutdurmaz aýak,
Pelek bu nä sowgat, bu neneňsi paý?!

Kimsäni semredip, kimsäni horlap,
Beräýmediň deňje ýaşara-da maý.
Kim nowjuwan gidýär, kimlerem garrap,
Juwanka ýitirmek, ah, agyr, bijaý,
Bu neneňsi paý?!

2017 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle