|

Goja esgeriň ýatlamasy

Goja esgeriň ýatlamasy GOJA ESGERIŇ ÝATLAMASY

Goja esgeriň ýatlamasy

Men hiç zat hem getirmedim uruşdan,
Gaýdypdym, Ýeňişiň yzyna düşüp.
Gursakdaky bir bölejik gurşundan,
Başga olja getirmändim üýtgeşik.

Egnimde goşhaltam, içinde hem nan,
Kisämde ýol harjym bir bary-ýokly.
Meniň Watan sary atygsap duran,
Ýüregimden başga hiç zadym ýokdy.

Synan Reýhstag… Berbat durşuna,
Eleşan köçeler — soňy gelmeýän…
Eýýäm oba uçan göwün guşumam,
Gursagymda barmy-ýokmy, bilmeýän.

Ýoldaşlarmyň taýyn sowgat-salamy,
Zynjyrly sagatmy… Otly çakmakmy…
Meniň bolsa, bar aladam sag-aman,
Obamyza gaýdýan ýola çykmakdy…

…Bu gün ahmalyma garaýan ýaly,
Göwnüme bolmasa, ganym güllesi.
Azar berýär köne duşman mysaly,
Böwrüme sanjylyp, peýläp pillesin…

Lukman hem bilmeýär näme boljagyn,
Ony çykarmagyň tapanok tärin.
…Men bu gün şol urşuň bir bölejigin,
Şeýdip, gursagymda göterip ýörün… Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle