|

Soçi şäherinde

Soçi şäherinde SOÇI ŞÄHERINDE

Soçi şäherinde

Adyňy apalap gezýärin ýene,
Hakydamda ýaşaýarsyň şäherim.
Sen şeýle bir meňzeş ene mekana,
Ýada düşýär dogduk mekanym, ýerim.

Deňeşdirdim mekan bilen ýerimi,
Deň geldi. Deňeşdirdim adamlaryň kalbyny,
Deň geldi. Ýone, bir arkaýyn ýaşap ýör halklar,
Gaýgy-da ýok, alada ýok, Hezildi.

Egrem-bugram ýollar, uzakdan-uzak,
Hanha, belentlikde ýazylan Soçy.
Jaňlaşdym men şol gün Aşgabat bilen,
Trupkany aldy doganym Goçy.

Howany soradym meňzeş ekeni,
Ýöne çygly howa her gün ir säher,
Eliň saýawanly gezmeli her gün,
Mekanymda bolsa Gün çoýýar mähir.

Baýlyk bary eçilipdir şähere,
Görmäge göz gerek, diliňe-de söz.
Çäksiz aladany unutmak üçin,
Şypahanalara –Soça myhman biz. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle