Düşnüksizlik
Düşnüksizlik

Atdaş!
Seň bilen gürrüňdeşlik…
Meni saňa ýetirýär,
Seni maňa getirýär,
Gulagymda ýaňlanýan:
R&B,
Bruno Mars,
«Talking to the moon»
hemem men,
Notalara siňen duýgymy guçýaryn,
Men saňa uçýaryn.
***
Atdaş!
Ýata dogupsyň-la?
Biraz solupsyň-la?
Ýa irdiňmi menden?
Gelmesem özüň barmakdan,
Her gün gije penjirämden bakmakdan.
Gijelerne boş asmana derdinýän
Men ýaly akmajykdan
ýadadyňmy?
Ýa her aglanymda saňa gelýänim, ýadyňdamydy?
Şoň üçin gyýa jyklap durmuň dar penjirämden?
Bilýäňmi näme, indi öňkim ýaly kejir däl-ä men.
Indi dertlerime boýun egip bilýän,
Bagtym bilen oýun edip bilýän.
Ýetmeli menzilme ýetmä:ni bilýän,
Käte ýalan gepläbem bilýän,
Hat-da ynanýarlaram,
Ynanmaýanlaram…
Aýsapar EMELOWA Goşgular