|

Rubagylar terjimesi

Rubagylar terjimesi Nejmeddin Kubra hezretleri

Rubagylar terjimesi

Her dem lerzanadyr, merdana ýürek.
Yşgy egsilmezdir, Janana ýürek.
Bada uzatdylar yşgyñ meýinden.
Meýi huna öwürdi gamhana ýürek.

            ☆☆☆☆☆
Meni yşgyñdan sowatjak bir akyl ýok.
Kim saña gowşurjak, bagt:a kepil ýok.
Ykbal bilen uruş etmäge el bagly,
Duşaklandym, barabilmen, çakym ýok.

                  ☆☆☆☆☆
Köñül örküm saña bagly, üzülmez.
Ne dost-duşman, aýrabiljek är bolmaz.
Seni terk eýleýip kimi söýer men?
Señ mülküñden çykyp gider ýer galmaz.

                   ☆☆☆☆☆
Akyl tarykatyñ hekaýat eýlär.
Magşuga bu ýollar şepagat eýlär.
Her dem zikriñ eden müñlerçe kalbyñ,
Yşgy buthanany gör, «Käbe «eýlär.

                     ☆☆☆☆☆
Başym saña gurban, läşim görer sen.
Kim agymy aglar, uzap ýatar ten.
Baş ujumda çöküp, nalalar çekip,
Diýgil, señ janyña sebäp boldum men!

                        ☆☆☆☆☆
Owuç arpa jany gurban berilýär.
Jan nä, däne üçin kerwen gyrylýar.
Senden ýeten «Däne» dünýä deñ, eý ýar,
Barça jana ryzk däneden berilýär.

                         ☆☆☆☆☆
Derwiş tagty beýewanda, weýranda
Jahany mülküñ terki, dünýä haýranda.
Mis jismiñi tylla öwreýin diýseñ,
Derwişler zergärdir, bar olañ ýanna!

                       ☆☆☆☆☆
Señ yşgyñ şerbeti serim mes etdi.
Aýralygyñ şat köñlümi sus etdi.
El aýakdan galdym janym pida,gör,
Bu pidalar meni Ýara dost etdi.

                     ☆☆☆☆☆
 Diýsem höwäsimdir Hakyñ wysaly.
Diýdi, pynhanlykdan gözle bu haly.
Köñül gözgüsinde göründi Dildar,
Gapyllygyñ aýan boldy ahwaly.

                      ☆☆☆☆☆
Läle reýhan güller-şähri «Çigil»den.
Ýa Reb, päkişanyñ asly, çi gilden.
Ýüregim destinde, janym-kastynda,
Bolsa, ne hemaýat taparsyñ ilden.

                      ☆☆☆☆☆
Meñ içimde Döw bar, per bermän otyr
Ne hä gorkysy bar, ne eder hatyr.
Müñ ýola çagyrdym dine imana,
Köñle was was eýläp gide bilmän dur.

                      ☆☆☆☆☆
Meýhananyñ mesti men, meý menden bihabar.
Yşk matagyn çözledim, aşyk ondan bihabar.
Hiçkimse halym bilmez, bir hylwat jaýa dūşdüm.
Dūnýäniñ bary mende, men dünýeden bihabar.
                

Terjime eden: Aşyr Salyh ogly.

1.
Rubagylardaky «Çigil» diýen sözi, Türki taýpaň ady, olaň Şäheriniň ady hem Çigil.

2.
Aşakdaky çi-gilden parsça toprakdan dälmi? many berensoň şo durşuna kapiýasy üçin geçirildi. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle