|

Hiç kimse

Hiç kimse HIÇ KIMSE

Bagta sary ädim ätdik deň ýöräp
Ýakdyk yşky:
Sen-ä çi:şdiň, men kebap.
Başa düşen aýralyga bar sebäp,
Diýmesinler pelekdigni hiç kimse.

Çyndyr diýme — söýýänleriň hemmesin
Deňdir diýme — görýänleriň hemmesin
Meň gözümden hiç kim ony görmesin,
Şonda bilmez melekdigni hiç kimse.

Juwan ömri söýgi bilen gurşanlar —
aýry boldy —
birwagtky bir janlar.
Bilmediler, goşgy diýip çyrşanlam
Dertlerime kömekdigni hiç kimse.

Bilmedim parhyny, dogrumy, telek
Ýugrumy ýetse-de, durmady çörek.
Duýmadylar,
duýmadylar,
ah, ýürek!
Diňe şonuň gerekdigni hiç kimse. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle