|

Iki

Iki IKI

Iki

Ho-ol baharyň bir güni,
Oýandym!
Ýüregim ölüpdir,
Duýgularym diri gömülipdir,
Jelladym gelipdir!
Gaflat basypdyr ruhumy,
Eşitmedim ýüregimiň gohuny.
Maňa seslenendir: «Meni halas et!»
Hasyrdandyr, gursagma sygmaýşy ýaly,
Syzlaýşy ýaly!
Egnimde ýa:s eşigim,
Wah, ýüreg-i-i-im, çekipdi kän keşigim,
Ahyr öldi, eşidiň!

Biri geldi,
Gelişi geňdi,
Ölüm ýaly sessizdi!
«Tilkiler» tans edýär ýüzünde,
Garajyk däl, mekirlik bar gözünde,
Ýalanlaryň aýdymy bar sözünde,
Nätanyş özüde!
El uzadyp diýdi: «Tanyşalymy?»
Tanyşdym,
Men şol günden bäri,
Ýeke däl,
Iki!

Aýsapar EMELOWA Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle