|

Günäsiz gyzjagaz

Günäsiz gyzjagaz GÜNÄSIZ GYZJAGAZ

Günäsiz gyzjagaz

Liwanyň köçeleriniň biri okkupantlar tarapyndan bombalanan wagty goşa garaçygyndan mahrum bolan arap gyzjagazy Mawiýa bilen söhbet

— Aýtsana, jigim, näm üçin Feýruz
Öňküleri ýaly aýdym aýdanok?
— Feýruzyny diňläp bilenok Beýrut,
Onuň sesin bogýar şuwlap gaýdan ok.

— Uýajygym, köp külpetli külbede,
Dynman aglaýar-la gyzlar, ejeler?!
— Feýruzyň sesini bogýan gülleden
Ölýär bärde ulular hem kiçiler.

— Aýtsana mähribanym, Mawiýa,
Gözjagazlaň garadymy, mawy ýa?
— Mawudy ol, asman ýaly mawudy…
Görüpdim, ölensoň, zaryn ses bile
Ýapypdylar ejem janyň üstüne,
Meň gözüm dek mawudy.
Ol juda juwandy, ýokdy keseli,
Onuň ömrün kesdi şuwlap gelen ok.
— Aýt, jigim, näm üçin atdylar seni?
— Bilemok. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle