Ýyldyrym
Ýyldyrym

Garagol çaganyň zyňan daşynyň
Zarbyna döwülen penjire ýaly,
Ýyldyrym asmany kül-uşak etdi,
Tisgindirdi ol göwreli aýaly.
Gögi tar-mar edip ýolbars arlady,
Oň sesine daglar geldi amana.
Gorkup, pyntyk ýardy dagyň armydy,
Gorkuly seretdi Zemin Asmana.
Ýyldyrymdan gorkup oturma diýpdi,
Çagakam ýyldyrym çakanda ejem.
Dünýä inmegine bir bäbejigiň
Şol ýyldyrym sebäp bolaýan eken.
Bäbekden öň ýyldyrymyň dünýäsi
Eýeläpdi Ýeriň belent-pesini.
Indi bolsa şol bäbegiň iňňäsi,
Basyp barýar ýyldyrymyň sesini.
* * *
Aýny ýaşda karar etdim,
Çyndan ýaşamaklygy.
Güýjüm bilen ykrar etdim,
Çyndan ýaşamaklygy.
Depämde bir şygar etdim,
Çyndan ýaşamaklygy.
Ýolumda şamçyrag etdim,
Çyndan ýaşamaklygy.
Gursagymda şygyr etdim,
Çyndan ýaşamaklygy.
Çynym bilen höwür etdim,
Çyndan ýaşamaklygy.
Lebiz etdim, ygrar etdim,
Çyndan ýaşamaklygy.
Men ýürekden yglan etdim,
Çyndan ýaşamaklygy. Goşgular