Yşky döretsem
Yşky döretsem

Gojalyk şemaly, öwsüp gelse-de,
Saçlarym sypalap, ýele daratsam.
Yşk ody bagrymy kesip dilse-de,
Geljege umytly yşky döretsem.
 Öýlerde ýazylsa yzzat saçagy, 
 Haýbatly ädimler bezär dünýäni. 
 Açylsa il üçin, ylym gujagy, 
 Bilbiller saýraşar, gamy duýmany.
 Ýesiri kiçeldip, ejiz bilmäňiz, 
 Çeşmäni joşuryp, dagy syndyrar. 
 Akly ýetne diýip, namart bolmaňyz 
 Düzgünler döredip, bagty indirer.
 Buýsanar, daglara garap läleler 
 Baş egmez näkese, ýaýar akylyn. 
 Söýginiň mährinden dörän balalar, 
 Altyna gaplarlar ene nakylyn.
 Türkmeniñ gyzy sen uçup asmana, 
 Güneşden alarsyň paýyň geljekde. 
 Ýol berme, hakyňa aýak basmana, 
 Sargydyň ýollagyn, deňlik biljege.
Emine TÖRRÜK (Türkmen gyzy). Goşgular
