|

Söýgi synagy

Söýgi synagy SÖÝGI SYNAGY

Eger gitjek bolsaň, saklap durjak däl,
Sebäp ejiz bolsa, aýralygmyza.
Ne sen maňa, ne men saňa gurjak däl,
Gowusy galaly aýrylygmyza.

…Kynçylyk ýok ýerde kütelmeklik bar,
Durmuşyň göreşi, geňeşi kändir.
Söýgüde goşmak bar, köpelmeklik bar,
Eger bölýän bolsa, çyn söýgi däldir!

2023.02

Nury SAKÇYÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle