Awçy
Awçy

Awçy giň asmana göz aýlap barýar,
Mukaddes topraga aýagyn diräp.
Ol ünsli,
Diňe ünsli garýar,
Ädimin giň ädip, süýegin süýräp.
Päkizedir kalby, belki-de, onuň,
Päkize asmanyň päkligi ýaly!
Kanagat edýändir öz yrsgalyna,
Göwni akdyr guşlaň aklygy ýaly!
Asla beýle däldi awçyň ýüregi,
Atjakdy ol tapyp öz ynsabyny.
Şeýle niýet bilen çykypdy awa,
Oda ýakyp tüpeňiniň gabyny.
Gözi düşdi ak gar ýaly ak guşa,
Guş akjady.
Gamaşdy oň gözleri.
Ýüregi hem daşy ýaly päk guşa
Gazaply garady goşaň gözleri.
Gara nilden çykdy ajal güllesi-
Ysgynsyz sallandy guşuň ganaty.
Ol guş onuň ynsabydy-ynsaby,
Göruň, awçy öz ynsabyn awlady.
Şyhymyrat ABDYLLAÝEW. Goşgular