|

Eziz Amannazarow aradan çykdy…

Eziz Amannazarow aradan çykdy…

Eziz Amannazarow aradan çykdy...

Şu gün — 15-nji fewralda ýaş şahyr Eziz Amannazarow aradan çykdy. Merhuma iman baýlygyny dileýäris.

◇ Şahyr hakynda

Eziz Baýramgeldiýewiç Amannazarow 1999-njy ýylyň 5-nji iýulynda Aşgabat şäherinde doguldy.
Maşgala ýagdaýy sebäpli Mary welaýatynyň Ýolöten etrabyna göçüp gelýärler.
2019-njy ýylda Ýolöten şäherindäki 12-nji orta mekdebi tamamlap, 2019–2021-nji ýyllar aralygynda harby gullukda bolýar.
Demir ussaçylygy işi bilen meşgullandy.
Eziz Amannazarow 2023-nji ýylyň 15-nji fewralynda biwagt aradan çykdy.

• MEN ŞAHYR DÄL

Ýeri şahyr dälmi, bolman ekenim.
Belki Puşkin, Pyragam däldir şahyr.
Ynanman olara dünýäň sepini,
Aldylar nadanlar, aldylar ahyr.

Aldylar dünýäni Zülkarneýn däl,
Çingiz han däl, olar ýer garbap ýatyr.
Günäsiz halk saýlyp gyrlan nadanlar
Gyrlan çaýyr deýin gögerip otyr.
(Belki olar bilmän gyran däldirler)
Ýöne köki bilen aljak zadyň ýok,
Çünki seni Rüstem edip döreden
Ataň gany şol köklere siňensoň,
Haýsy Rüstem oňa gyljyn ýöreder.

Şol çaýyrlaň töňňe deýin kökleri,
Ýeriň çyzyk açan jaýrygyn ýaryp,
Ikä bölüp, hatda uçdy kepderi,
Şol kökden eklenen gurçugy görüp.

Çarhy pelek çolaşypdyr, çözmäge
Güýçsiz saýlyp, gyra çeklen Pyragy,
Namys edip, şahyr sözün ýazmaga
Çydap bilmän içdi diýseň şeraby,

Ynanardym. Ýöne şahyr däl olar,
Beýle akmak sözüň git, şahyra diý.
Hem siňsin köklere içaly ýaly,
Olardan dünýäni alansoňlar heý
Şahyr saýylmajak gümany barmy,.
Ýöne diý girmänkä göreşe heniz:
— Perişdemiň, Adam, günäň bir azmy?

Ýeri, şahyr dälmi, bolman ekenim,
Belki, Puşkin, Pyragam däldir şahyr.
Nadanlardan alyp bilseň-ä ýagşy,
Almasaň dünýäni, öljekmi ahyr.
Ondan dertden dörän şygrym seçeýin,
Goý, şahyr bolmasam, bolman geçeýin.

Eziz AMANNAZAROW. Taryhda şu gün

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle