|

Çagy

Çagy ÇAGY

Çagy

Mekdep sary urduk gadam,
Sentýabr gelen çagy.
Bilimmiz başlandy «A»dan,
Ussat salam alan çagy.

Hekgerip tagta seretdik,
Ýazgyny depdere bitdik,
Şeýde-şeýde öñe gitdik,
Ýaşymyz ulalan çagy.

Kiçi parta giñlik etdi,
Elim näzik ele ýetdi,
Ýadym bar zady unutdy,
Söýgi peýda bolan çagy.

Gurbantäje seredýärdim,
Ol nirede? Menem bardym.
Nazarym-nazarna gardym,
Mylaýymja gülen çagy.

«Ölsem ýeriñki-diýişdik,
Ölmesem señki»diýişdik.
Yşk oduna ýanyp-bişdik,
Wada-kasam bolan çagy.

Ine, bir gün şeýle boldy,
Ata-enesi habar bildi,
Ömürbaky aýra saldy,
Gyza sawçy gelen çagy.

Kejebesi gelen ara,
Ýüregime salyp ýara,
Taşlap gitdi günbatara,
Gün guşluga galan çagy.

2016 ýyl. 19 Awgust Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle