Şem
Şem

Arzuw hyýallardyr, haýu-höwesleriñ yzy üzülmän edýän hüjümleriniñ otlukly ojagynda kükräp ýanyp duran ýürek, beýle ýanyndaky şemdanyñ üstünde dymyp duran Şeme gözi düşüp, oña oslagsyz soragny atyp;
— Ýeri dost, sen nämä dymýarsyñ — diýdi.
Şem oña:
— Maña zerurlyk ody gerek — diýip jogap berdi.
Onda ýürek:
— Ot mende tutaşdy gel, al!
Şem:
— Sag bol dost! Seniñ ol oduña men tap getirip bilmen. Oña nije ahy-nala, dat perýat hem tap getirip bilenok. Men kiçijik sapaga duwlanyp öýüñ törüne ýagty salýan. Sen bolsa dünýäni ýakybam öz törüñi ýagtyldyp bilmeýärsiñ diýip jogap beripdir.
Aşyr SALYH OGLY. 16.02.2017 ý.