Zemin uste…
Zemin uste…

Zemin uste gurup umyt çadyryn,
Ýadaw göwräm bilen tutup bir burçun,
Gygyrýan «jemagat menem bardyryn»,
Nazarlar bakmaýar,
Dişleýän hyrçym.
Geçip dur her bende öz ugry bilen,
Togap edip ýere her gün bäş ret.
Her bir ädiminden alyşyp beleň,
Bir-birniň daşyna oraýar kelep.
Biri büdüreýär,
Ýykylýar nalaç,
Hemaýat tamasy görünýär gözde.
Oňa sähel tekge bermek uly güýç,
Emma söýget bolmaz özüňden özge.
Umytly nazarlaň üýtgedip perzin,
Ýene gaýdyp geler özüňe sary.
Ahyry özüňden tapyp bilersiň
Kalbyňa teselli berjek karary.
Şyhymyrat Abdyllaýew Goşgular