|

Aýdym

Aýdym AÝDYM

Aýdym

Gördüm gelin bolan günüň men seni,
Elwan reňk gül ýüzüňi bezände.
Bagt goýnunda ýaýnaýardyň şo mahal,
Mähir çogy şöhle tygyn gezände.

Nurly gözleň ýalkym saçýar mähirden,
(Her niçik-de bolsa, diýmeli şeýle).
Gamly didelerme ýeriň ýüzünde
Taýsyz bir gözellik bolupdy beýle.

Erk edýärkä saňa gyzlyk haýasy
Saklanyp durmaz ol, rowan bolar.
Ýöne welin, onuň berýän yzasy
Ýigidiň kalbyny lerzana salar.

Gelin bolan günüň düşdi nazarym,
Elwan reňk gül ýüzüňi çaýanda.
Durşuňa bagt bolup ýaýnaýardyň sen,
Älem ýüzi mähir bilen baýanda.

Allen Po-dan terjime. Garaýolly Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle