Çensiz öwgi
Çensiz öwgi

1969-njy ýylyñ 31-nji ýanwary.
Germaniýada «68-nji ýyl nesiliniñ» ýokary okuw jaýlarynyñ demonstrasiýalarynyñ dowam edýän wagty.
Filosof Adornonyñ protestleri tankyt editing gahary gelen rewolýusioner talyplar ony elitist saýyp, guran Jemgyýetçilik ylmy-barlaglar instituty — Frankfurt mekdebine döküldi. Özem bu mekdep marksizme täzeçe düşündirişleri berýän we onuñ tankydy teoriýalaryny öwrenýän sosial ylym ojagydy…
Çepçi talyplar demonstrasiýalarynyñ dogrudygyna ýürekden ynanýandyklary üçin tankyda takat edenokdylar:
Adorno şeýle diýýär:
«- Nirde bolanymyzda-da ahmal galmaly däl borjumyz şu: Başgalaryñ häkimiýetiniñ-de, öz häkimiýetsizligimiziñ-de bizi akmaklaşdyrmagyna ýol bermezlik!»
Yzyndan şeýle diýýär:
«- Ýalñyş ömürde dogry ömür ýok.
Pikirlenip bilýän adam agressiw bolmaýar».
Eýse… düýnden şu güne geler bolsak.
Federatiw Germaniýadan Türkiýä dolanyp gelsek…

* * *
Türk syýasy durmuşy tankydy sürgüne ýollady!
Syýasatçylaryñ köpüsi oñaýsyz ugurlarynyñ, ýalñyş taraplarynyñ tankyt edilmegini diñläsi, eşdesi gelenok. Ýogsam bolmasa:
Syýasy tankyt çözgüde goldanýar, meselem onuñ demokratiýanyñ ösmegi ugrunda gymmaty uly, yýasy reformalar üçin ýatladyjy tarapy-da bar we ş.m.
Şeýle bolýan bolsa, nämüçin tankyt ýurdumyzdan kowuldy?
Seretseñizläñ… Islendik wakanyñ, faktyñ ýa-da meseläniñ kemçilikli we ýalñyş ýerlerini görkezen wagtyñyzda haýbat atmalara çenli uzaýan gödek jogaplara, kemsitmelere, masgaralanmalara duçar bolýarsyñyz. Her ýatan daşyñ aşagyndan «duşmançylyk» gözlenensoñ näme bolýandyr öýdýäñiz: añ-düşünje öñbaşçylygyny ýitirýär. Şeýle göýdük syýasat çölleşdirmek bilenem çäklenmeýär, kirledýär. Şeýdibem tankydy akylyñ ganyna galynýar…
Her lider özüne bagly «gapyguly» gözleýär.
AKP-ni tankyt babatda tankyt edip oturmagyñ geregi barmy, onuñ nähilidigini ýigrimi ýyl bäri görüp ýörüs-ä!
Düýp mesele — JHP ýolbaşçylarynyñam totalitarlyga tarap taýma howpy dälmi?
— Kylyçdarogly Ekmeleddin Ihsanoglyny kandidat görkezdi, «bökjekläp, bökjekläp saýlaw sandyklarynyñ başyna gidersiñiz» diýdi. Saýlawyñ birinji tapgyrynda ýeñildi.
— Kylyçdarogly «gel bakaly, Muharrem Inje» diýdi.
Kylyçdarogly öñümizdäki saýlawda öz kandidaturasyny goýmak isleýär. Goýup biler, öz pikiri… «Altyly stolda» konsensus-ylalaşyga gelinermi, görmeli bor…
Meniñ garşy çykýan zadym — Kylyçdaroglynyñ kandidaturasy boýunça tankydy pikirini aýdýan islendik adamyñ aýyplanmagy. Täzeden saýlanmagy kepillik astyna almak isleýän halk deputatlary, kürsüsini saklap galmak isleýän partiýa ýolbaşçylary, munisipalitet başlyklary ýa-da hakykatdanam Kylyçdaroglynyñ üstün çykjagyna ynanýanlar elleriniñ aýasynda saklanýar, a tankyt edenlere bolsa akyl-paýhasdan, wyždandan uzak «jady awy» gurnalýar!
Adornonyñ mekdebine dökülen talyp ýaşlar ýaly üýtgeşik söz eşdesleri gelenok. Bar bilýän zatlary çensiz öwgi…

* * *
Ankara munisipalitetiniñ başlygy Mansur Ýawaşyñ göwnünde prezidentlige kandidaturasyny goýmak bardy, muña şek-şübhe ýok. Hatda iñ soñky gezek HDP saýlawçylarynyñ özüni goldaýandygy hakdaky jemgyýetçilik seljermesiniñ netijesini-de paýlaşypdy. Emma oña şeýle erbet basyş edildi welin, «kandidatym Kylyçdarogly» diýmäge mejbur edildi!
Şeýle taktika häzir Stambul munisipalitetiniñ başlygy Ekrem Imamogluna-da edilýär! Imamogly dogrusyny edip, «altyly stola» yşarat edýär. Emma onuñ bu hereketi partiýanyñ adminstrasiýasyna ýeterlik bolanok, olar kejeñeklik bilen onuñ agzyndan «Kylyçdarogly» sözüniñ çykmagyny isleýär!
Nähili gynançly syýasy atmosfera bu:
Bir adam partiýanyñ mejlisiniñ şahsy düzümini kesgitlemeli;
Bir adam partiýanyñ merkezi adminstrasiýasynyñ şahsy düzümini kesgitlemeli;
Bir adam halk deputatlarynyñ sanawyny düzmeli;
Bir adam etrap, welaýat başlyklaryny bellemeli;
Bir adam prezidentlige kandidaturasyny goýjak adamyñ kimdigini kesgitlemeli;
(Ah! Hemişe şobir syýasy sahna gaýtalanyp dur-dq: ne Ekmeleddin Ihsanoglynyñ, ne-de Muharrem Injeniñ kandidaturasy hakda gürletmedi, jedelini etdirmedi. Düýnki boluşy şu günem başdan geçirýäris).
Munuñ AKP totalitarlygyndan näme party bar?

* * *
Tankydy syýasat ýeke-täk tipli mejburylyga garşy çykýan antifaşizmdir.
Tankyt etmek — adamyñ erkinleşmegidir.
Tankyt etmek — derñäp, seljerip, ýerbe-ýer edip bilmekdir.
Serediñ… Aýgytly döwürden geçýäris — tankyt ysmaza uçradylsa, tankyda duşmançylyk edilse, demokratik düzgüne geçmek bütinleý gury arzuw bolup galar.
Goý, her kim gürlesin, her kim ýazsyn…
Galyberse-de, tankyt etmek ýazyjynyñ jogapkärçiligidir, borjudyr.
Soner ÝALÇYN.
syalcin@sozcu.com.tr
«SÖZCÜ» gazeti, 25.01.2023 ý. Publisistika