«Bir derdim bar içim içime sygman…»
"Bir derdim bar içim içime sygman…"
Bir derdim bar içim içime sygman,
Pälim, niýetim özara uruşýar,
Hemişe araçy bolan halatym,
Erbet pälim mydam hetdinden aşýar.
Ynha-da bu günem şol öñki söweş,
Ekizek bolsada palim niýetim,
Abylyñ Kabyly öldürşi ýaly,
Üstün çykypdy,
Erbet häsiýetim,
Elimde göterip, Ýagşy palimiñ
Jesedini elim bilen jaýladym,
Begençden dolduryp, içden gülkimi,
Mazar:nyñ başynda sessiz agladym.
Remezan MÄMETGURBANOW. Goşgular