Umytsyzlyk…
Umytsyzlyk…
«Umytsyzlyk» boldy — ykbal baýdagy
«Keçpelegem» söýgümiziň senasy
Bir ömür gaýtalap şuny aýdaryn:
«Kireňsiz kalbymyň ýokdy günäsi…»
Tükenmez arzuwy bileje besläp,
Däli, sermest bolup, çasly gülsedik
Azajyk biz bilen bolmagny isläp,
Şatlygmyzy tussag edip bilsedik
Bir-birege deňje-deňje bölmänem,
Gussalary mäjumlaýyn iýdik biz
Bagtymyzyň göwnin alyp bilmänem,
Özümize «myhmansöýer» diýdik biz
Gülzarlyga iki ädim ätdiň-de,
Yza gaýtdyň, (nämemişin, çöl gördiň)
Uzatsak, gollarmyz ýetmez öýtdüň-de,
Golaý diýip, aýralyga gol berdiň
Ýeke-ýalňyz çekerin men yzany,
Asla degmez özgelere azarym
Hupbatlardan ýelim ýasap mazaly,
Gursakdaky ýyrtyklary ýamaryn…
Ylham GURBANALYÝEW. Goşgular