Garaşmak
Garaşmak
Öz äkiden şatlygyňy alyp gel.
Gaşlaryňy çytman, kalbyňa gülüm,
Diňe täsin umytlary salyp gel.
Ýola çyksaň belent arzuwlar bile,
Öýkedir-kinäni sowurgyn ýele,
Açylan bägüle meňzäp sen ýene,
Meni bilbil saýyp, oýnap-gülüp gel.
Sen şeýle jadyly, şeýle zyýada,
Meni kä doňdurýaň, kä salýaň oda.
Eger bagtsyz bolmazlygmy dünýäde
Isleseň öz zerurlygyň bilip gel.
Duýar bolsaň, kändir yşkyň öwrümi.
Haýyr-şerden ýasalandyr her güni.
Bir öçügsi ýyldyz däl-de, ömrümi
Nur bilen bezejek Günüm bolup gel.
Olam başartmasa… Tapman alaç men,
Örtenip galsam-da, bil senden geçmen.
Görsem bes!.. Dert bolup gapymy aç sen,
Ezraýylyň mukamyny çalyp gel.
Italmaz Nuryýew. Goşgular