|

Lukmanym sähra

Lukmanym sähra LUKMANYM SÄHRA

Gurbanyň bolaýyn, türkmen sährasy,
Şeýle giň sen, göwni ýaly enemiň.
Ynjasam,
Bu ýürek gozgalaň tapsa,
Kem göremok gujagyňa gelenim.

Goýnuňda şeýle bir göwnüm açylýar,
Bar zady,
Bar zady söýesim gelýär.
Ýaňlandyryp Hydyr gören goýnuňy:
“Bagtly men, adamlar!” diýesim gelýär.

Gygyrasym gelýär bar sesim bilen,
Goý, meni geňlese geňlesin iller.
Görýän däldir ýaşaýyşyň gyzygyn
Bu giden sähranyň dälisi däller.

Aşygyň men,
Mejnunyň men, eý, sähram,
Meni doguraňda şeýle dogrupsyň.
Bir haýyşym,
Göwün açmaň emini
Galagoply şähere-de öwret sen. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle