Gep-gürrüňe görä
Gep-gürrüňe görä
Bir mahal bir ene balasy üçin
Gaplaň bilen garpyşanmyş diýýärler.
Çyndyr!
Bir mahal bir ata perzendi üçin
Arslan bilen tartyşanmyş diýýärler.
Çyndyr!
A bir ogul telbe hyýallar üçin
Enesine abananmyş diýýärler,
Atasyna gargynanmyş diýýärler…
Ynanmak kyndyr!
Kyn bolsa-da,
Mümkindir!
Mümkin bolýan bolsa,
Eý, toba!
O-da çyndyr!
02. 04. 2012 ýyl Goşgular