|

Aýtmadym…

Aýtmadym… AÝTMADYM…

Saňa ýetjek bolup nämeler etdim,
Näme etmedim?
Aşyklaň barynyň edişi ýaly,
Menem her gün obaňyza gatnadym.

Obaňyzda biri öýlense dagy,
Men bordum şol toýuň ilki myhmany.
Aýratyn çakylyk nämäme derkar,
Gözleň çagyrardy toýlara meni.

Ýaprak ýolup, hemişe öz ýanymdan,
“Söýýär-söýenok” diýp, taşlardym gurra.
“Söýenoga” düşse, soňky ýaprajyk,
Başga bir şahany ýolardym derrew.

Göwnüme sen meni söýjek ýalydyň,
Söýmelidiň meni gurra görä-de.
Bu söýgi sende-de döremelidi,
Mende dörände.

Ah, ýöne dünýäde işleriň bary
Isleýşimiz ýaly çözülýän bolsa,
Maňlaýyňa kimdir biriniň ady
Öz eliň bilenjik ýazylýan bolsa,

Bu wagta çen sen öýmüzde bolardyň,
Çaýjagaz demlärdiň işden gelemde.
Menem öýkeleşip ýörmezdim asla,
Arzuwma al salan ykbal bilen-de.

…Saňa ýetmek üçin nämeler etdim,
Näme etmedim?
Näme eden bolsamam, bir güýç tapynyp,
Bir gezegem söýýänligmi aýtmadym…

16. 01. 2012 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle