Uýamyň toýunda aýtmak islänlerim
Uýamyň toýunda aýtmak islänlerim
Çagasyň öýdýärdim saňa henizem,
Sen bolsaň ulalyp gidipsiň bir çak.
Ýigrimi ýaşapsyň,
Ynanamok hiç,
Ah, wagtyň öňünde neneňsi durjak?!
Ýigrimi ýyl mundan öňmüdi, dogan,
Seniň doglanyňy bellän gijämiz?
Şonda seniň doglanyňa begenip,
Kän boşapdy limonadly çüýşämiz.
Düýn dälmi atamyň yzyna düşüp,
Çagalar bagyndan aglap gaýdanyň.
Indi görsem on sekiz ýyl ekeni
Doganjan, meniň şol düýndür öýdenim.
Bu gün bolsa seni bizden alýarlar,
Aýrylýaňmy indi maşgalamyzdan.
Obadaş diýp ýörenim bir garagol
Seni hemişelik äkidýär bizden.
Gidiber, doganjan, gidiber, gitseň,
Düşünýän, dogdugna myhmandyr naçar.
Saňa etjek ullakan bir arzuwym:
Durmuş girdabyna bolmawer duçar.
Duçar bol sen oňat, oňat günlere,
Arasynda gezen ýaly gülleriň.
Seýrek gelýän erbet günleriňi-de,
Ýagyş ýaly ýuwsun oňat günleriň.
Günleň kyny bardyr, erbedi ýokdur,
Görmeksiz gyzlaryň bolmaýşy ýaly.
Güne bal garmagam özüňe bagly,
Ýa awy gatmagam özüňe bagly.
Gaýynlarnyň, adamsynyň gününe
Bal gatmak geliniň borjudyr, dogan.
Alarsyň jogabam özüňe görä,
Bal gatsaň, bal ýagar.
Ýogsa gar ýagar.
Ýene bir arzuwym, uly arzuwym:
Öz söýgiňe, öz erkiňe töre bol.
Soltany bolsun şol päkize yşkyň
Indi bize giýew boljak garagol.
Hemmeleriň arzuw edişi ýaly,
Bagtly bol!
Bagtly bol!
Bagtly bol sen!
Şanyňa ýazylan şu goşgy bolsa,
Agaň uýasyna patasy bolsun.
30. 06. 2011 ý. Goşgular