|

Klasdaşlaryma

Klasdaşlaryma KLASDAŞLARYMA

Bu ýyllaň mizemez kerwenin böwsüp,
Bir pursatlyk dolansana, çagalyk.
Mähribanym, klasdaşlarym bilen
Şol mekdepde okaýyn men azajyk.

Syr başymdan dünýäň ähli gamyny,
Ýok, meniň başymda birje gam galsyn.
O-da kynlyk bilen ýetişýän dersim –
Matematikadan öý işim bolsun.

Eýýäm gelinlin bolan klasdaş gyzlaň
Çekeýin men ýarym garylyk zülpün.
Gaharyna zülpi çekilen gyzlar
“Şeker şapbat” bilen bersinler merkim.

Men şeýle bir, men şeýle bir okaýyn,
Getirmäýin mugallymlaň gaharyn…
Garaz, hemme zada taýyn men, heňňam,
Gaýdyp gelse şol bagtyýar mahalym.

25. 05. 2011 ý. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle