Käbir göz ýetirenlerim
Käbir göz ýetirenlerim
Ýagyň ýagydygny bilýärin öňem,
Näderin, dostlarym çykaýsa ýagy.
Ertir ýagym boljak dostly bolamdam,
Bu dünýäden dostsuz ötenim gowy.
Seret, ejiz güýçlä taýak bulaýar,
Ýogsam, bilýärem-le, pes geljek döwi.
Ejize oýnatgy güýçli bolamdan
Ömrüme mejalsyz geçenim gowy.
Dogan doganyny söz bilen urdy,
Şeýdibem bulaşdy doganyň toýy.
Dogan hakyn ödäp bilmejek bolsa,
Doganly bolandan, ýalňyzlyk gowy.
Gelin gelin bolsun,
Ýalyn bolmasyn,
Nädip bolar gelin bulasa öýi.
Bir mara öýlenip, öýli bolamdan,
Ömürlik müjerret ötenim gowy.
Ogul atasyna ýumruk çeneýär,
Şeýdibem puç bolýar ataň arzuwy.
Ertir ýakam tutjak oglum bolandan,
Munda atsyz-sorsuz ýitenim gowy.
Hiç kim gapysyna aýak sekmese,
Haňlap dursa terbiýäniň mekdebi,
Dünýä gelmezligi dilemen,
Ýöne,
Gowsy, adam bolup gelmäniň gowy.
19. 02 2010 ýyl Goşgular