|

Haram halala öwrüldi

Haram halala öwrüldi HARAM HALALA ÖWRÜLDI

Çopan gyzyl tapdy.
Gorkdy,
buýsandy…
bir ömüre hiç ulanyp bilmedi.
Ýuwutsa-da, bu baýlyga suwsagny,
nämüçindir, hiç zyňasy gelmedi.

Çünki, onuň gursagynda negada
nesli peýdalanar ynamy dömdi.
Dolap, güman edilmesiz bir zada,
kelläňe gelmejek bir ýere gömdi.

Öň hannas gursagnyň meýlini süzen,
haram tylla buýurmady çopana…
çopan ýene süriň yşkynda gezer,
öňküsi deý daýanyşar çekene.

Duýgudan gark boldy,
akly almady,
hiç kimiň ýanynda ýarmady dilin.
Şoň üçinem ony hiç kim bilmedi,
bolmady oň üçin ýüregem dilim.

Peýdalanyp bilmese-de, wagtynda,
çopan halallygy altyna çökdi.
… So-oň ady dakylan, dertli agtygna
derman harjy bolup alnyndan çykdy. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle