Degişmeler
Degişmeler
Bazarda.
— Aý, kempir, señ sygryña saýawan satyn almagyñ gerek!
— Ony başyma uraýynmy?
— Şeýtseñ, süýdüñ suwy azrak bordy.
* * *
Teatrda.
— Beýle içgysgynç teatrda tomaşaçylaryñ sygyrman durşuna geñ galýan.
— Pallap otyrkalar, nädip sygyrsynlar.
* * *
Iki klasdaş öz ýoldaşlaryny ýatlaýar:
— Ýogsa-da, Bekgi näme kär edýär?
— Ol edebiýat tankytçysy bolup ýetişdi.
— Bä… Aý, hawa-da, ol mekdepde okaýarka-da edebiýaty halanokdy.
* * *
— Men-ä motosikletimi satyp, gowuja taýhar edinäýsem diýýän.
— Haý, senem-ä!
— Hä!
— Bir mellek iki eşege darlyk edäýmese…
* * *
— Säher bilen howlugyp nirä barýarsyñ? — diýip, biri nakysdan sorapdyr.
— Gonamçylyga.
— Beýle gyssanyp nätjekdiñ? Wagty gelende özümiz elinje äkidäýerdik-dä…
* * *
— Näme ädimiñi gaty giñ ädip ýöreýäñ?
— Köwşümi tozdurmajak bolýan.
* * *
Bir ýaş aktýor öýüne gelip, özüne komediýada birinji roly berjekdiklerini aýdypdyr.
— Men erkek kişiniñ ~ maşgalabaşynyñ roluny ýerine ýetirmeli! — diýip, ol begenjini daşyna çykarypdyr.
— Zeleli ýok — diýip, kakasy oglyny köşeşdiripdir. — Haçan-da bolsa bir mahal saña gepläp oýnamaly rolam bererler.
* * *
— Siz towuk ferma bolanyñyz bäri ýumurtga alnyşy elli üç prosent kemelip gitdi… Günäñizi boýnuñyza alýañyzmy?
— Ýok, ýoldaş derñewçi.
— O näme üçin?
— Sebäbi ýumurtgany men däl-de towuklar guzlaýar.
* * *
— Dost ýene-de öýlenipsiñ diýip eşitdim. Öýleneniñ-ä oñat welin, öñem-ä iki aýala aliment töleýäñ. Munyñam-a… Aý, näme. «Her iş bolsun, bähbit bolsun» diýipdirler.
— Wah, bähbit-le, dost. Munym üç ýerden aliment alýan eken-ä!
* * *
— Itiñ ýarakmy?
— Ýok, ýöne sessiz ýapyşaýýar.
— «Mal eýesine çekmese şumluk» diýenleri-dä. Degişmeler