|

Bilýänem dälsiň

Bilýänem dälsiň BILÝÄNEM DÄLSIŇ

“Sen bilýänem dälsiň, şojagaz pursat
Ýüregimde aýdym bolup galanyň”
Kakamyrat Rejebow

“Sen bilýänem dälsiň, şojagaz pursat
Ýüregimde aýdym bolup galanyň”
Aňýanam dälsiň sen okara gözleň
Bu oglan göwnüme salan talaňyn.

Ah, sen şonda meniň ýanymdan däl-de,
Kalbymdan ýöräniň bilýänem dälsiň.
Bilmeýänem bolsaň, unudan sen,
Meň kalbymda weli bakylyk galsyn.

-“Dildar” diýmek “göwün alan” diýmekdir –
Diýipdi bir mahal şahyrlaň biri.
Ogurlyk edenňi bilýänem dälsiň,
Ogurlandym.
Indi men yşk ýesiri.

Bir pursatlyk süýji söhbet edipdik,
Eger bilýän bolsaň, şuny bilýänsiň.
Emma şol pursadyň ömre deňdigin
Eý, dildar, sen entek bilýänem dälsiň!

22. 01. 2011 ýyl Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle