Säher ýelinden salam
Säher ýelinden salam
Säher ýeli – duýgularmyň sawçysy,
Biziň ile bir dem seýran kylyp gel.
Salamatmy aşyk göwnüň awçysy,
Söwer ýaryň hal-ahwalyn bilip gel.
Duýgularmy özüň bilen togarlap,
Ha gizlin bar, ha-da bar sen dogurlap,
Edip bilseň albomyndan ogurlap,
Meniň üçin bir suratyn çilip gel.
Diý oňa aşygyň sag-gurgun, aman,
Hem iberdi diýgin ullakan salam.
Ýoluma garaşýan mele göz sonaň
Esger aşygyna salam alyp gel.
Geljege umydym göwün törümde,
Duşuşarys bagtly günleň birinde.
Söýgi mukamyny ýürek tarynda
Çalyp git-de, ýene yza çalyp gel.
26. 01. 2011 ýyl Goşgular