|

Degişmeler düwünçeginden

Degişmeler düwünçeginden DEGIŞMELER DÜWÜNÇEGINDEN

Tüsse dagaýança

Iki awçy özara gürleşip dur:

— Ýekegapan awlaňda tüpeňiňe nähili däri salýaň?

— Diňe tüsse çykarýanyny salýan.

— Näme, tüsseli okuň ýekegapany derrew ýatyraýýamy?

— Ýok-la, tüsse dagaýança agaja dyrmaşyp ýetişýän.

Uçup barýan

Alpinist uçuda güwläp gaýdypdyr. Ýoldaşlary onuň yzyndan adyny tutup gygyrypdyrlar:

— Wasýa, janyň beri sagmy?

— Sag, sag!..

— Elleň abatmy?

— Abat!

— Aýaklaň bitinmi?

— Bitin!

— Onda ýokaryk gal-da!

— Nädip galaýyn, entek uçup barýan!..

Ikinjim

Awçy egninden tüpeňini aýrypdyr-da, käkiligi nyşana alyp, ony ýere gaçyrypdyr.

— Şu meň ikinji uran käkiligim! — diýip, ol ýoldaşynyň ýanynda buýsançly gürläp, döşüne kakypdyr.

— Hany, onda birinji uran käkiligiň?!

— Men ony on ýyl mundan ozal urupdym.

Agam ikimizi…

Iki sany lapçy güpleýär:

— Bir gezek Afrikada aw awlap ýörkäm, bäş ýüz metr aralykdan ýekeje okda pili tükgertdim.

— Onyň dagy nämejik! Ynha, arada Demirgazyk deňzinde hiç bir ýaragsyz-beýlekisiz ak aýyny bogup taşladym.

— Ýogsa-da deňiz diýeňde bir zat ýadyma düşdi. Sen, heý, öňde-soňda Öli deňzi diýip eşidipmidiň?

— Elbetde, eşidipdim.

— Bilip goý, şony agam ikimiz öldürdik.

Gaty gymmat

Suratkeş ýaş gelne onuň suratyny çekmegi teklip edipdir.

— Çeken suratyňyz üçin näçe tölemeli borun? — diýip, zenan sorapdyr.

— Hanym, siz üçin hiç zat.

— Aý, ýok, munyňyz gaty gymmat bolýa.

Bagtyň çüwende

— Düýn utukly petegim bilen ýüz müň utaýdym!

— Aýalyň-a muňa ýaman begenendir.

— Hawa, begenjine doňňaradaşa öwrüläýdi.

— Tüweleme, bagtyň çüwende barysy birden şowlaberjek oguşýa!

Göresiň gelse…

Adamsy aýalyna ýüzlenip, şeýle diýýär:

— Lýusýa, sen, heý, mynjyradylan pul görüpmidiň?

Aýaly ýylgyryp:

— Görüpdim, ýeri näme? — diýip soraýar.

— Mynjyradylan onluk puly görüpmidiň?

— Görüpdim, ýöne gaty seýrek.

— On müň rubluň mynjyradylanyny gördüňmi?

— Ýok, görmändim.

— Onda garaža bar-da göräý.

Barybir tapar

— Eger meň ejem biziňkide ýaşajak bolýan bolsa — diýip, aýaly adamsyna sala salypdyr. — Onda biz has ulurak öýe göçsek gowy bolmazmy?

— Beýdip gaçyp gutulyp bolasy ýok — diýip, adamsy lapykeçlik bilen jogap beripdir. — Iru-giç ejeň bizi şo ýerdenem tapar.

Hökman gitmeli

— Ezizim, garyndaşlammyzyňka hiç myhmançylyga gidesim gelenok.

— Meňem gidesim gelip duranok. Ýöne, şunam bilip goý, barmasak, olar ýaman begener.

— Dogry aýdýaň. Onda hökman gitmek gerek.

Gaýçy gözleginde

Saçy aşa ösgün ýaş ýigit dellekhanada otyr. Dellek eli magnitli pyrlanyp ýörşüne, magniti onuň kellesiniň üstünde aýlaýar.

— Bü näme, saç syrmagyň täze usulymy?

— Ýok. Men gaýçymy gözleýän-laý.

Tanaýmaly

— Sen hiç haçan Samarada bolup görmediňmi?

— Ýok, hiç haçan bolup göremok.

— Onda sen meň uýamy tanaýmaly, olam hiç haçan şo ýerde bolup görenok.

Näme almaly?

Aýaly adamsynyň ýanyna gelip, näz bilen gürleýär:

— Sen meni gowy görýäňmi?

— Gepiňi köpeltme-de, özüňe näme satyn alyp bermelidigini aýt?

Näme üçin aglanymy bilýäňmi?

Adamsy bilen dükandan çykyp barýan aýaly şeýle diýýär:

— Sen meň näme üçin aglanymy bilýäňmi?

— Bilýän, ýöne mende onça pul ýok.

Her ýarym sagatdan

Aýaly adamsyna şeýle diýýär:

— Men goňşulara bir minutlyk baryp gaýtjak, senem her ýarym sagatdan nahary bulap duraweri.

Uçamzok

Bir uçarman beýleki uçarmana şeýle diýýär:

— Paraşýutçylara aýt, bökmeklerini bes etsinler. Biz entek uçamzok.

Meňzeşlik nämede?

— Seni gördügim bada-bat Kowalýow ýadyma düşäýýä.

— Ýöne meň oňa meňzeýän ýerim ýog-a.

— Bü hakykat, ýöne oňam maňa elli rubl bergisi bar-da.

Duýgudaşlyk

— Ýaman sus görünýäň, eýgilikmi?

— Aýalym öýden gitdi-de…

— Wah, bolmandyr, gynanýan, dost, gynanýan.

— Men entek gürrüňimi gutaramok… Şu gün bolsa ol yzyna dolandy.

Düýnki gazet

— Aýtsaňyzlaň, şu gün aýyň näçesi?

— Eliňizde gazet barka aýyň näçesidigini sorap durmagyňyz näme?

— Wah, elimdäki düýnki gazet-dä.

Ulagyňy döwäýdiňmi?

— Nora jan! — diýip, ýaş ýigit gygyryp gürläpdir. — Sen meň dünýädäki ýeke-täk gymmat bahaly zadym.

— Eý, Taňrym! Näme boldy? Ulagyňy kül edäýen-ä dälsiň-dä hernä?

Çykalga

— Aryny öldürmegiň aňsat ýoluny bilýäňmi?

— Ýok.

— Ony yşgabyň aşagyna kowagetdin, yşgabyň dört aýagyny-da kesip taşlaýmaly.

Ýeke söz üçin

— Kolýa, näme üçin biziň toýumyza gelmediň?

— Ýeke söz üçin gelmedim.

— O nähili söz?

— Çagyrylmadym.

Terjime eden Adyl Ýolyýew Degişmeler

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle