Aşygyň howsalasy
Aşygyň howsalasy
Arzuwlarmy ogurladyp tümlüge,
Garaşyp durun.
Gelermiň, gelmezmiň – syrly deňleme,
Garaşyp durun.
Her sabryň soňunda bir şatlyk barmyş,
Şeýle bolsa, hany habar, hany yş?!
Telefonam öçük, içigargalmyş,
Garaşyp durun.
Surnukdyryp barýar gijäň çigregem,
Atygsap dur bu kararsyz ýüregem.
Yşka düşmek şumyka ýa, geregim?!
Garaşyp durun.
Takatymdan bilgeşleýin ýeňilip,
Gaýtjak weli okdurylyp, zyňylyp,
Ujypsyzja umydyma daňylyp,
Garaşyp durun.
Şu söýgä ulaşyp ilkinji gezek
Nirä urunjagyn bilenok ýürek.
Habaryň bir barmy, boýlary derek,
Garaşyp durun.
Jemalyňy görmän gitsem armanda,
Görsemem armanda.
Nädeýin onda?
Penjireden jyklaýsana bolmanda,
Garaşyp durun…
2009-njy ýyl. Goşgular