|

Isgender tämiz diýarda

Isgender tämiz diýarda ISGENDER TÄMIZ DIÝARDA

«Isgenderiñ pähim diwany» eserinden

Isgender dünýäni basyp almakçy,
Ýagşy-ýaman ~ barça zady bilmekçi.

Oñ ýörişi şöhratlydy hem kyndy,
Bir gün bir diýaryñ çetinden indi.

Ol bir täsin diýarydy ynsanyñ,
Ady-sory ýokdy şa bilen hanyñ.

Onda ne baý bardy, ne garyp bende,
Adamlaryñ bary bir jan, bir tendi.

Gowuşýardy ýerne halkyñ azaby,
Bol-telki durmuşyñ bar öz hasaby.

Tämizlikden gurlandy oñ binýady,
Bilmezdi halaýyk jeñ diýen zady.

Her kesiñ howlusy bakjaly-bagly,
Işikler hiç haçan bolmaýar bagly.

Her öýüñ deñinde bardy ýerzemin,
Ýerzemin ~ merhumy ýerlemek üçin.

Haýran etdi Isgenderi bu ahwal,
Diýarlyñ birine berdi ol sowal:

«Günüñiz gül ýaly. Ýöne, nämüçin
Dirikäñiz gurnupsyñyz ýerzemin?»

Şeýle jogap berdi oña diýarly:
«Ýaşamaly her kes namysly-arly.

Ýaşamaly ahyr öljegin bilip,
Ýaşamaly ile hemsaýa bolup.

Göräýmäge, o ýer bir gün, lal ýaly,
Paýhasy bar üçin manydan doly.

Diýýär: «Sen ölmeli, ömür bäş günlük,
Ýagşylyk et. Ahyr ýuwdar şol tümlük».

Şa sorady: «Ýagşy. Aýt sen, nämeden,
Derweze, işikler açyk dur mydam?»

Baýlaryñ, garyplañ bolmaýşy ýaly,
Bizde ogry-da ýok ~ diýdi diýarly. ~

Des-deñdir hemmäniñ gün-güzerany,
Topragy — ilimiñ melhem-dermany.

Däne sepseñ, biriñ müñ bolup geler,
Ýurduma Ýokarky nazaryn salar».

Şa sorady: «Neçüýn zerur çagynda
Şemşirlerñiz çykman galdy gynynda?

Halka biri häkim bolmaly dälmi?
Il-gün oña gulak salmaly dälmi?

Bolýan däldir bü-ýä düşüner ýaly».
Şeýle jogap berdi oña diýarly:

«Bidüzgünlik ýokdur meniñ ilimde!
Derkar däldir bize şer-de, zalym-da!»

«Ýogsa-da, nämüçin baýyñyz ýog-a?»
Diýip, ýene-de bir sowal berdi şa.

«Şahym! — diýdi göwni açyk diýarly ~
~ Halallyk kowmuna baýlyk zyýanly.

Altyn, kümşe gyzmak zäherdir, zäher,
Husytlyk ~ dünýäde bar şerden beter.

Şeýle ynam bizde, şükür Ýokarka,
Dowam edip gelýär arkama-arka.

Pederleriñ ekip giden baglaryn
Eý görýäris, tirip alma, narlaryn».

Añk bolup şa duşan bu ahwalyna,
Düşürdi leşgerin gelen ýoluna.

Terjime eden: Dañatar BERDIÝEW. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle