Rus şahyry Nikolaý Rubsowy ýatlap…
Rus şahyry Nikolaý Rubsowy ýatlap…
…Bolmasam-da onuň deňi,
Görmesem-de asla ony,
Ýadyma kän düşüberýär,
Russiýanyň Rubsowy.
Oňa durmuşyň bagyşlan,
Bir topar kyn şerti — tanşym.
Iç hümledip bir özüniň,
Çetde çeken derdi-tanşym.
…Goşgy bilen gowulary
Gujaklap bilen şahyr, —
Goşgy bilen ýamanlary
Pyçaklap bilen şahyr. —
Çyn şahyrdyr, serhet bilmez,
Ýesir alar sagy-soly.
(Sen şolaryň biri dälmi,
Russiýanyň Rubsowy?!)
Ýöne ajal namartlady,
Ir äkidip Rubsowy…
(Şahyrlarynyň ir ýitmegniň,
Bomazmy, bir öňi-soňy?!)
Russiýa awunanda,
Ir giderip Rubsowy.
«Poeziýa uly zyýan
Çökdi» diýsem, ýalňyş bormy?!
…Russiýanyň şahyry köp,
Biri-birisinden gowy!
Şol gowynyň biri dälmi,
Russiýanyň Rubsowy!
Gurbanýaz DAŞGYNOW.
«Edebiýat we sungat» gazeti, 1978 ý. Goşgular