|

Möjekdir tilkiniñ şir bilen awa gidişleri hakynda hekaýat

Möjekdir tilkiniñ şir bilen awa gidişleri hakynda hekaýat Möjekdir Tilkiniñ Şir bilen awa gidişleri hakynda hekaýat

Bir gün Şiriñ awa gidesi geldi,
Ýanyna Möjekdir Tilkinem aldy.

ol şeýle pikiri aýlady serde:
«Zyýany däl awumy göterseler-de.

Ýörse şu ikisi ýanymda ýortup,
Kuwwatym öñküden görüner artyk…»

öçügsi ýyldyzlar nurana Aý
Gurşaýar ahyryn… Büýem şoñ ýaly.

Tüý şowuna düşüp olaryñ işi
Öküz, Towşan, Geçiñ serildi läşi.

Şir öñüne düşse aw edeniñde,
Belli zat aç galmajagyñ seniñ-de.

Depe bolup ýatyr täzeje etler,
Janyñ hezil eder beýle hezzetden.

«Gerk-gäbe doýarys günümiz geler,
Häzir adalatly üleşik bolar».

Diýip, öz ýanyndan ýüwürdip göwün,
Arzuw edýänini Tilkiñ, Möjegiñ

Añan Şir öwrüpdir başgarak hyýal
(«Gün — güýçliñki» diýlen. Ýok oña zowal.)

«Ýüregiñde näme niýetiñ baryn
Möjek, seniñ gözleriñden añýaryn.

Ynamyñ ýok meniñ adalatyma,
Eti paýlamagy tabşyrýan saña».

Möjek gorkusyndan titräp, sandyrap,
Diýenmişin Şiriñ ýüzüne garap:

«Bu ýerde iñ uly awumyz — Öküz,
Ony ak ýürekden saña berýäs biz.

Geçi — meñki bolsun, Tilkä-de — Towşan,
Şeýtsek, her kim ýeten paý bilen oñşar».

«Akyllyrak teklip edersiñ diýip,
Garaşypdym welin, boldy ol haýp».

Diýip, gazaply Şir bir penje urdy,
Möjek biçäräniñ külün çykardy.

Soñ gözün alardyp Tilkä seretdi,
Diýdi: «Et paýlamak gezegiñ ýetdi!»

«Bu ýerde kyn zat ýok, dogrymy diýsem,
Öküzi ertirlik naharña iý sen.

Pikir eder ýaly munda näme bar?
Geçi günortanlyk naharña ýarar.

Towşan şap bolaýar agşam naharña,
Ýeñilräk iýmeli ýatylar garna».

Hoşal Şiriñ pessaý eşdildi sesi:
«Aýt sen, şepe, munuñ ýaly paýhasy

Nireden öwrendiñ? Gizleme menden»
«Hol ýatan Möjegiñ düşen gününden

Sapak aldym» diýip, Tilki sözledi.
Şir hoş bolup, gazabyny gizledi.

Soñra şeýle diýdi: «Gulak goý, Tilki,
Bu señ üçin bähbit bolandyr, belki?»

Tilki hezil edýär bagtyýar halda,
Eti paýlamagy özünden däl-de,

Öñürti Möjekden haýyş edenni
Hoş bolup ýatlaýar häzire çenli…

Hile gadymýetden şu günlere çen
Barabar görlüpdir batyrlyk bilen.

…Özgäniñ bagtyndan, betbagtlygyndan
Many çykarýanlar danadyr çyndan. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle