| |

Çybynyñ Süleýman patyşadan kömek soraýşy hakynda hekaýat

Çybynyñ Süleýman patyşadan kömek soraýşy hakynda hekaýat Çybynyñ Süleýman patyşadan kömek soraýşy hakynda hekaýat

Süleýman şa garry hem taýsyz dana,
Bellidi paýhasy haýwan, ynsana.

Bir gün oñ ýanyna bir çybyn geldi,
Diýdi: «Adalatyñ äleme belli.

Ynsanam, haýwanam, mör-möjeklerem
Señ adyña alkyş aýdýarlar kileñ.

Biz çybyn kowumy, ejizje jandar,
Beýlekiler ýaly bizde-de san bar.

Ýaş goşulsyn, şahym, ýaşyña seniñ,
Kömek sorap geldim ýanyña seniñ.

Bilýäris: señ merhemediñ zyýada,
Deñ göz bilen bakýañ kiçä, ula-da.

Adalatyñ hemmelere göz ede,
Rehimdar nazaryñ aýla bize-de».

Şa diýdi. «Her zady bilmek parzym bar,
Sözle hany, maña näme arzyñ bar?

Pälimiz düzüwdir, kalbymyz akdyr,
Adalatymyzdan nägile ýokdur.

Täç geýip, halkymyñ öñüne çykdym,
Ähli erbetligiñ soñuna çykdym.

Ýetmez ýaly ile-güne azary,
Ogry-jümrüleriñ zyndanda bary»

Çybyn wyzzyldady: «Hazlawyk şemal
Bize gün berenok, çydar ýaly däl.

Dostlarmyz mat, duşmanlarmyz şat boldy,
Agaýana uçmak bize ýat boldy.

Perman çykar: bize azar bermesin,
Eşitmäli onuñ ýigrenji sesin».

Şa diýdi: «Şemala perman berse bor
Ýa-da şeýle aýdyp, düşündirse bor.

Ýöne welin, Ýaradanyñ öñünde
Ýalñyşýan ýerlerim bolýar meniñ-de.

Diñe señ arzyñy eşdip, oñmaly,
Günäkäriñ özüni-de diñläli.

Çagyryñ şemaly, gelsin bu ýere,
Käbir sözlerim bar oña diýere».

Şemal bir ýerlerden geldi daz ýasap,
Çybynyñ mazasy gaçdy alñasap.

Bada-bat o ýerden zym-zyýat boldy,
«Göçenni ýel, gonanyny gol bildi».

Şa gygyrdy: «Näme, gaçdyñ beýle tiz?
Adalatly höküm çykanok heniz.

Ýanyma arz edip gelenñe görä,
Bilip git-dä munça bolanna görä».

Çybyn jyññyldady: «Dönmerin ýoldan,
Men hökümden beter gorkýan şemaldan…»

Şol çybynyñ bolşy düşnükli bize,
Ýaradany ýatlap, sylsak-da ýüze,

Öz etmişlerimize ökünip gezýäs,
Onuñ nazaryndan çekinip gezýäs. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle