Süleýman patyşa hem ikatýok hakynda hekaýat
Süleýman patyşa hem ikatýok hakynda hekaýat

Süleýman şa oýananda ir bilen,
Dürli guşlar onuñ ýanyna gelen.
Guşlañ dili hökümdara aýanmyş,
Oñ başga-da artyk tarapy känmiş.
Eger-de ýürekler bolanda ýakyn,
Düşünişmek düşenogam beýle kyn.
Kalplar bir-birine bolanda bendi,
Arkaýyn düşünişer türk bilen hindi.
Ýürekleñ urgusy çapraz bolanda,
Düşünişmez öz dogany bilen-de.
Yns-jyns goýjak bolsa bir-bire gadyr,
Esasy zat — ýürek ýakynlygydyr.
Şoñ üçinem, guşlar dost-dogan deýin,
Patyşañ ýanyna barýar arkaýyn.
Guşlaryñ her biri şanyñ öñünde
Öz başarnygyny magtap öwündi.
Ahyr Ikatýogyñ gezegi geldi:
«Meniñ duýgurlygym bar kişä belli.
Zeminiñ teýinde nirde suw baryn,
Bulañ arasynda bir men bilýärin.
Uçaýyn ha pesden, ha-da belentden,
Ýerasty suwlara diýseñ belet men.
Sen çöle çykañda ýa-da ýörişde,
Halasgäriñ borun göýä perişde».
Süleýman seslendi: «Bu örän gowy,
Tapyp bilýän bolsañ tenekar suwy,
bizden asla hyzmatyñy gaýgyrma,
Çöle çyksak, ýanymyzdan aýrylma.
Gara Gargañ iç köýüp bu hala,
Gagyldady: «Şahym, gurýar ol hile.
Bolýan bolsa beýle duýgur, üşükli,
Oñ çirtmege düşmejegi düşnükli.
Başarsa-da öwnüp, bogaz ýyrtmagy,
Saýgaranok ýerde gurlan çirtmegi!»
Bu sözleri eşdip, oýa batdy şa:
«Olam beýlekiler ýaly bir guş-a.
Ýalan bolup barýar çyndyr öýdenim…»
Diýip, makullady Gargañ aýdanyn.
Ikatýok duýup öz agyr ýagdaýyn,
Diýdi: «Şahym, saña bir zat aýdaýyn.
Pähim et-de, düşün şeýle bir zada:
Sözden gudratly zat ýokdur dünýäde.
Çyn dostuñ agzyndan çyksa ol eger,
Ýalan däldir, gulak asanña deger.
Görüplikden Gargañ içi çürüşdi,
Aramyzy bozmañ kül-külüne düşdi.
Onuñ ýalan gagyldysyn diñläniñ
Bela duçar boljagyny bilýärin.
Onsoñam, bir men däl, gezek-gezegne
Düşýäris barymyz pelek duzagna.
Berlenok hiç kime ebedi ömür,
Saýgaranyñ, saýgarmanyñ bary bir…» Goşgular