Osmanly nämüçin hemişe yza galdy?
Osmanly nämüçin hemişe yza galdy?

Osmanly döwletinde ilkinji bolup tipografiýany — kitap çap etmek işini ýola goýan asly wenger Ybraýym Müteferrika mundan 291 ýyl öñ ýazan “Usul al-Hikem fi Nizam al Ümem” atly kitabynda Osmanly imperiýasynyñ ösüşden yza galmagynyñ sekiz sebäbini şeýle düşündiripdir:
– Kanunlary ýerine ýetirmezlik…
– Hukuksyzlyk, adalatsyzlyk…
– Döwlet işleriniñ iş oñarmaýan geleñsiz adamlaryñ eline geçmegi…
– Alymlaryñ pikirlerine takatsyzlyk…
– Döwrebap tehnologiýadan baş çykaryp bilmezlik we emelsizlik…
– Goşunda düzgün-tertipsizlik…
– Döwletiñ baýlygyny bisarpa tutmak we öz peýdaña ulanmak, parahorluk…
– Daşarky dünýäden bihabarlyk…
Bulary okandan soñ yzyñyza bir göz aýlañ-da, häzirki ýagdaýlar bilen deñeşdiriñ:
Şu günki gün osmanlylara haýran galýandygyny aýdýan ýolbaşçylar siziñ pikiriñizde ýokarky sanalanlaryñ haýsysyynda has ozdurdy?

• Henek: Meýhana haçan açylýar?
Gije ýarymdan soñ dükanyny ýapan meýhanaçy öýüne gidip ýatypdyr. Ýañy bir irkilip ugranda jañ gelipdir… Añyrdan içip, lülgammar bolan adamyñ gowuşgynsyz bazzyk-buzzyk sesi eşidilipdir:
— Agam, meýhanañy haçan açýañ?
Meýhanaçy ukusy bozulandygy üçin girre gaharlanypdyr:
— Aý, señ eneñi nemedeýin! Ýañy ýapdyg-a, agşam geläý!
Meýhanaçy telefony gaharly goýupdyr. Emma az salymdan soñ ýene ýañky ses jañ edipdir:
— Agam, haçan açýañ?
Meýhanaçyñ jyny atlanypdyr, ol her dürli hapa-paýyş sögünip telefonyny goýupdyr…
Dañ atyp-atmanka horazlar gygyryp başlanda üçünji gezek jañ gelipdir:
— Agamjan, haçan açýañaý?
— Eşegataly, meýhanany haçan açjagymy eýýämden nämüçin soraýañ?
Telefondan zarynlap diýen ýaly ses eşidilipdir:
— Agam, aýyplaşma, gije içerde galypdyryn-a!..

• GÜNÜÑ SÖZI
Ýöreýän jemgyýet bilen ýöremän bir ýerde duran jemgyýetiñ deñ bolmagy mümkin däl!
Rahmi TURAN.
«SÖZCÜ» gazeti, 16.11.2022 ý. Taryhy makalalar