| |

«Türk(men)ler gylyjyñ zory bilen musulman boldy» ýalany we taryhy hakykatlar

"Türk(men)ler gylyjyñ zory bilen musulman boldy" ýalany we taryhy hakykatlar «TÜRK(MEN)LER GYLYJYÑ ZORY BILEN MUSULMAN BOLDY» ÝALANY WE TARYHY HAKYKATLAR

"Türk(men)ler gylyjyñ zory bilen musulman boldy" ýalany we taryhy hakykatlar

Türkleriñ yslama geçişi hem-ä türk taryhy, hemem dünýä taryhy taýdan alanda uly öwrülişik sepgididir. Çünki müñlerçe ýyllap Göktañra ynanan türkleriñ yslama girmegi türkleriñ medeniýetini, ýaşaýyş-durmuş formasyny özgertmek bilen bir hatarda türkleriñ syýasatyna we basybalyjylykly syýasatyna täsir edip, dünýä taryhynyñ has başgaça ýazylmagyna sebäp boldy.
Eger türkler yslama geçmedik bolsa, häzir düýpgöter başga geografiýada, örän tapawutly medeniýetde we ýaşaýyş-durmuş formasynda ýaşap bilerdik.
Şonuñ üçinem yslamy kabul etmegimiz uzak ýyllaryñ dowamynda birnäçe platformada çekişmelere sebäp bolupdyr. Bir pikire görä türkler gylyjyñ zory bilen musulman bolanmyş. Başga bir pikire görä bolsa, türkler musulman bolandan soñ belent mertebelere ýetipdir.
Her iki pikirem ideologik nukdaýnazardan ýöredilen, taryhy hakykatdan üzñe, esassyz pikirlerdir. Türkler ne gylyjy zory bilen musulman boldy, ne-de yslam bilen belent mertebelere ýetdi.
Türkler taryhyñ dürli döwründe haýsy dine ynananda-da, beýik millet bolup ýaşady. Nemes ykdysatçysy Fris Neýmarkyñ aýdyşy ýaly, «türkleri taryhdan çykarsañ, taryhdan nam-nyşan galmaz».
Türkleriñ gylyç zory bilen yslama geçendigini aýdýanlaryñ pikirlerine tutaryk hökmünde öñe sürýän taryhy wakalary Horasan dikmesi Kuteýbe ibn Müslimiñ türk şäherlerini basyp alandan soñky amala aşyran agressiýasydyr.
Gürrüñimiziñ detallaryna girmezden öñ bir zada ünsüñizi çekmek isleýärin. Halklaryñ dinini üýtgetmegi bir günde ýa bir ýylda bolup geçmeýär. Munuñ özi onlarça ýyllara çekýän prosesdir.
Aýratynam türkler ýaly müñlerçe ýyl çarwa durmuşynda ýaşap, jahana ýaýylan milletiñ dinini üýtgetmegini haýsydyr bir dikmäniñ kiçijik geografiýadaky basybalyjylykly hereketlerine baglanyşdyrmak jahyllykdyr. Taryhdan doly bihabarlykdyr. Añ bulaşdyryjy düşündirişdir.
Çünki Kuteýbe Horasan dikmesikä türki taýpalaryñ aglabasynyñ yslamdan habary ýokdy. Mysal üçin, gyrgyzlar, gypjaklar, kimekler, tatarlar, uýgurlar, oguzlar Kuteýbäniñ Horasan dikmeligini eden döwründe yslam bilen ýakyndan-daşdan tanyşlygy ýokdy.
Türkleriñ aglaba köpçüliginiñ musulmançylyk bilen tanyşlygy abbasylar döwründe bolup geçdi. Emewiler döwri garşylyklaýyn ýeñişleriñ we ýeñlişleriñ bolan çaknyşyklardan doly döwrüdir.

• Türkleriñ musulman araplar bilen tanyşlygy

Türkleriñ yslam bilen ilkinji tanyşlygy Hezreti Omaryñ (r.a) halyflygy döwründe boldy. 636-njy ýylda Kadisiýe, 637-nji ýylda Jelula, 642-nji ýylda yslam taryhyna «Feth-ül fütuh», ýagny, «Fetihleriñ döwri» («Basybalyjylykly döwür») diýilýän Nihawend söweşinden soñ sasany hökümdary Ýezdigerdiñ ýeñilmegi bilen musulman araplar Eýrany eýelediler we Horasanyñ Toharystan etrabynda ýaşaýan türklere goñşy boldular.
Araplaryñ basybalyjylykly ýörişleri yzly-yzyna amala aşyrýan döwri türkler kyn we çylşyrymly döwri başdan geçirýärdiler. Göktürk kagany Ilig Kagan Hytaýa ýeñlip, döwletiniñ bölünmegine sebäp boldy. Bu söweşden soñ göktürkleriñ gündogardaky ýerleri Hytaýyñ golastyna girdi. Günbatardaky Göktürk häkimiýeti bolsa, 658-nji ýylda taryh sahnasyndan doly çekildi.
Araplar türkleriñ gowşan döwründe yzly-yzyna ýörişler geçirip, Eýranyñ çäklerinde öñe süýşdüler. Şol wagtky türkler bilen araplaryñ arasyndaky söweşlere baha berende, hut şu ýagdaýy-da gözden salmazlyk gerek.
Kuteýbäniñ Horasan dikmeligine getirilmeginden öñem türkler bilen araplaryñ arasynda söweşler bolup geçipdir. Ol söweşlerden käbirleri şulardyr:
— Basranyñ häkimi Abdylla ibn Amiriñ 663-nji ýylda ugratmagynda Abdylla ibn Semune Sistana ýöriş etdi we Käbil, Balh, Büsr şäherlerini eýeledi, emma türklere garşy söweşde ýeñlişe uçransoñ, ýerine bellenen Mühelleb Ebu Sufra türkleri ýeñip, sebiti basyp aldy.
— Horasan dikmesi Ziýad El Harisi ilki Balh şäherinde çykan gozgalañy basyp ýatyrandan soñ Kuhystana eden ýörişinde eftalit türkleriniñ (abdallar, abdal türkmenleri -t.b.) hökümdary Nizek Tarhany ýeñip, Horezme çenli süýşdi.
— Başga bir Horasan dikmesi Ubeýdullah ibn Ziýad Buhara eden ýörişinde buhara melikesi Kabaç hatyny ýeñlişe uçradyp, ýyllyk 1 million dirhem salgyda baglady. Yzyndan Nesef, Ramisen, Saganiýan, Beýkent şäherlerini eýeledi.
Abdylmälik ibn Merwan döwründe Musa ibn Abdylla eftalitleri derbi-dagyn edip, Termezi eýeledi.
Gysgaça aýdanda, Kuteýbe döwrüne gelýänçä araplar bilen türkleriñ arasynda elli ýyla golaý dowam eden söweşler bar we bu söweşlerde galapyn ýeñiş gazanan tarap araplardyr. Emma Gutlug kaganyñ tagallasy bilen gurlan ikinji Göktürk döwletiniñ kem-kemden güýçlenmegi we aýratynam Kapgan kagandyr Bilge kaganyñ döwründe türkleriñ owalkysy ýaly kuwwatly güýje öwrülmegi VIII asyrdaky arap-türk söweşlerine deñagramlylygy getiripdir.

• Jedelli Kuteýbe ibn Muslim döwri we şondan soñky döwür

Şu günki gün «türkler gylyç zory bilen musulman boldy» gipotezasyna tutaryk bolýanam Horasan dikmesi Kuteýbe ibn Müslimiñ häkimlik eden döwründe türk şäherlerine eden basybalyjylykly ýörişleridir.
Kuteýbe ibn Müslim 705-nji ýylda emewi halyfy Ýezit tarapyndan Horasana häkim bellendi.
Kuteýbäniñ Horasan dikmesi bolup oturan döwründe türk begleriniñ arasynda agzalalyk höküm sürýärdi. Türkleriñ arasyndaky agzalalykdan peýdalanmak isläm Kuteýbe gysga wagtyñ içinde Beýkent, Buhara, Samarkant, Fergana, Şaş (Daşkent) şäherlerini basyp alyp, sebitde agalygyny ýola goýdy.
Kuteýbe Daşkende gelýänçä düýpli garşylyga uçramady. Meselem, Balh şäherine girende Nizek Tarhan uruşmazdan Kuteýbäniñ goşunyna şäheri tabşyryp, Kuteýbe bilen bile Beýkendiñ üstüne gaýtdy.
Kuteýbe Beýkendi az salymda basyp alyp, şäherden gaýtdy. Emma Beýkentden gaýdansoñ şäherde gozgalañ çykdy, munuñ üçij ol yzyna gaýdyp şäherde ganly harby operasiýa geçirdi we şäheri talady.
Kuteýbäniñ basyp almakda iñ kösençlik çeken şäheri Buharady. Çünki türk begleri gijem bolsa, agyzlaryny birikdirdiler we türgeşler, Tarhun, Buharanyñ hökümdary Werdan Hüdatyñ birleşen güýçleri Kuteýbäni yza çekilmäge mejbur etdiler, emma kän wagt geçmänkä özüni dürsäp ýetişen Kuteýbe birleşen türk güýçlerini derbi-dagyn edip, Buharany basyp aldy.
Kuteýbäniñ Buharanyñ basylyp alynmagyndan soñky maksady Mawerannahry tutuşlygyna, yzyndanam Hytaýy basyp almakdy. Ol Buharadan soñ Samarkandy-da gysga wagtyñ içinde basyp alyp, sebitdäki häkimiýetini berkitdi.

• Indi bolsa köp jedeli edilen «türkleriñ gylyç zory bilen musulman bolandygy» temasynyñ üstünde durup geçeliñ

Kuteýbe harby taýdan ýokary taýýarlykly serkerdedigine garamazdan, yslamy ýaýmak babatda juda ýaramaz serkerdedi. Kuteýbäniñ gandöküşikli we talañçylykly harby hereketleri zerarly musulman bolmak beýlede dursun, gaýtam türkleriñ yslama girmegini ýüz ýyl gijikdirdi.
Çünki Kuteýbäniñ türkleri zor bilen musulman etmäge dyrjaşmagy türkleriñ yslamdan sowaşmagyna getiripdir. Mysal üçin, Buharanyñ halky üstündäki basyş aýrylan badyna öñki dinlerine dolanyp, nägileliklerini görkezipdirler. En-Narşahiniñ «Târîh-i Buhârâ» («Buharanyñ taryhy») atly eserinde buharalylaryñ tutumy şeýle gürrüñ berilýär:

«Buhara halky her gezeginde musulman bolýar, araplar gaýdýaram welin, ýañadan öz dinlerine dolanyp barýardylar. Kuteýbe üç gezek olary musulman dinine saldy, emma her gezeginde olar dinden çykyp kapyr boldular. («Târîh-i Buhârâ», s. 74-75)
Kuteýbäniñ türklere garşy amala aşyran gandöküşikli syýasaty arap taryhçylarynyñ eserlerinde giñişleýin beýan edilipdir. Şol döwrüñ bir şahyry Kuteýbäniñ döwrüni şeýle suratlandyrypdyr:

«Araplar Türküstany şeýle bir ýakyp, ýykyp-ýumurdylar welin, ol ýerlerde ýanyp kül bolan ojaklardan, birnäçe ýaraly adamdan we weýran bolan jaýlaryñ harabalyklaryndan başga sudur galmady. (Zekeriýa Kitapçy «Orta Aziýada yslamyýetiñ ýaýylyşy we türkler», 1944 s. 308).

Başga bir arap şahyry-da Kuteýbäniñ türklere garşy ýöreden syýasatyny şu jümle bilen görkezipdir:

«Kuteýbe ömürboýy türkleri gylyçdan geçirdi ýördi. Bize iñ köp olja getirenem, paýlaýanam şoldy.»
(Zekeriýa Kitapçy «Orta Aziýada yslamyýetiñ ýaýylyşy we türkler», 1944 s. 171).

Kuteýbäniñ ganly syýasaty diñe türklere garşy-da däldi. Ol musulman halka-da, adatça musulman dällerden alynýan jizýe salgydyny alyp edibilen zulmuny etdi.
Aslynda, emewileriñ ýöredýän esasy syýasaty-da yslamy ýaýmak däldi. Çünki emewileriñ syýasatynyñ özenini arap milletçiligi düzýärdi. Olaryñ maksady arap imperiýasyny gurmakdy. Şonuñ üçinem arap dälleri hakyky musulman hasap etmän, mewali diýip atlandyrýardylar, şol sanda musulman däl halklardan alynýan jizýe salgydy öz peýdalaryna bolansoñ, türkleriñ musulman bolmazlygy bähbitlidi.
Kuteýbäniñ okgunly basybalyjylykly ýörişleri uzaga çekmedi. Türgeş kagany Sulu kagan sebitdäki türk begleri bilen güýç birikdirip Seýhun derýasyndan geçdi we araplary yzly-yzyna derbi-dagyn edip, Mawerannahryñ agramly bölegini ele geçirdi.
Sulu kaganyñ harby üstünliklerinden soñ emewi halyfy Hişam ibn Abdylmälik Sulu kagany yslama çagyrdy, emma Sulu kagan emewi halyfynyñ teklibini yslamyñ özlerine peýda getirmejegini tutalga görkezip, ret etdi.
Yslam geografiýaçysy Ýakut el-Hamawi Sulu kaganyñ yslamy nämüçin ret edendigini şeýle beýan edipdir:

«Esgerleriñ içinde ne hekim, ne ädikçi, ne-de tikinçi bar. Olaryñ hemmesi esger, eger bular musulmanlygy kabul etse we yslamyñ şertlerini ýerine ýetirse, nädip güzeranyny dolasynlar. (Hakky Dursun Ýyldyz – «Türkleriñ musulmanlygy», s. 493)

Türki taýpalaryñ türgişleriñ öñbaşçylygynda araplara garşy ýeñişleri Horasan dikmesi Jüneýit ibn Abdyrahman döwründe-de dowam edipdir. Sulu kagan 730-njy ýylda Samarkandy gabapdyr, taryha Geçit söweşi diýip geçen söweşde araplar uly ýitgi çekipdir we olar şäheri goşmaça gelen güýçleriñ hasabyna zordan elinde saklap bilipdir.
Araplaryñ belli taryhçylaryndan Ebu Osman Amr ibn Jahiz Horasan dikmesi Jüneýit ibn Abdyrahmanyñ türklerden eden howatyryny şeýle gürrüñ berýär:

«Bir gezek Horasan dikmesi Jüneýit ibn Abdyrahman türk hökümdary Hakan bilen ýüzbe-ýüz boldy. Hakanyñ haýbatly sypaty we güýji Jüneýidi gorkuzyp, şeýle bir eýmendirdi welin, türkleriñ goşuny onuñ gözüne has köp ýaly bolup göründi, bu ýagdaý onda iññän ýaramaz täsir galdyrdy».
(Ebu Osman Amr ibn Jahiz «Fezâilül-Etrâk: Halyf goşunynyñ menkibeleri we türkleriñ fazylatlary», s. 86)

• «Türkler gylyç zory bilen musulman boldy» pikiri hakykata nägadar dogry gelýär?

Netijede VII-VIII asyrlaryñ türkleri bilen araplarynyñ arasyndaky gatnaşyga umumy göz bilen seredende, şol döwür türkler bilen araplaryñ arasy gapma-garşylykly söweş ýagdaýynda geçipdir. Bu uruş döwründe iki tarapam biri-birine garşy ymykly ýeñiş gazanyp bilmändir. Gazanylan ýeñişler az wagtlyk bolupdyr, şäherler gysga wagtyñ içinde araplar bilen türkleriñ arasynda elden-ele geçip durupdyr.
Şonuñ üçinem türkleriñ gylyç zory bilen musulman bolandygyny öñe sürmek reallykdan doly daşdyr. Çünki emewileriñ türklere garşy ýowuz syýasaty doly ters täsir döredipdir. Buhara halkynyñ özüni alyp barşy muña iñ anyk mysal bolup durýar. Buharadan başga-da Kawkazda hazar türkleriniñ beren garşylygy-da bu galp teoriýany püçege çykarýar.
Araplar hazar türklerini söweşde ýeñenem bolsalar, olary musulman dinine salmak başartmandyr. Häzir hazar türkleri jöhit dinine uýýar.
Türkleriñ yslama girmegi Talas söweşinden soñ ýygylaşypdyr we abbasylaryñ döwründe köpçülikleýin ýagdaýda yslama giripdirler.

Baryş ATAGÜN.

26.12.2020 ý. Taryhy makalalar

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle