|

Hudaýa nalyş

Hudaýa nalyş HUDAÝA NALYŞ

Hudaýa nalyş

Pandemiýa gaplap aldy dünýäni,
Kowid on dokuz gapgarýar
Bu jahana inýäni.
Onuň üçin sen şa bol,
Ýa-da geda, parhy ýok,
Ady näteňet onuň
Koronowirus???
Hany sen, nirede, maýadar Soros?!
Set müň-set müň adam bolýandyr pida,
Nirede rehimiň, rehimdar Huda!
Reim eýläwer ýene
Biçärelere,
Bigänelere,
Garry-gurtulara hem beçelere…
Aýbygadym dünýä gyrgyn gelipdir,
Uçdantutma dowzah, sürgün gelipdir.

Pereňlini gora,
Iňlisem gora,
Diýjek däldim, ýöne iblisem gora.
Bulaň bary seniň öz ýaradanyň,
Zulum kylma, kylma zulumyň Alla!
Ýogsam adamyň haly hyllalla!
Ýüreginde, bagyrynda, ýarasynda,
Onsuzam wirus az däl,
Adamlaryň arasynda.

Gazak, gyrgyz hem täjik,
Özbek, ispan, italýan…
Gyrylýan kän wirusdan,
Ölýän az däl orusdan…

Tükenmesin goý, tohum,
Boş goýma sen Zemini.
Rehmiň gelsin eý, Allam!
Özüň älem Emini!

17.06.2020. Goşgular

image_pdfMakalany PDF görnüşde ýükle